Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda ýurdumyzyň häzirki çempiony Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» topary 16-njy tapgyrda 3:2 hasaby bilen Aşgabadyň «Köpetdagyndan» üstün çykyp, ýaryş tertibinde öňdeligi eýeledi.
Oýun Mary şäheriniň birinji sport mekdebiniň sport zalynda geçirildi. Milli birinjilik ugrundaky ýaryşyň soňky aýlawynyň ilkinji üç tapgyry-da şol ýerde geçýär.
«Deňizçi» we «Köpetdag» öň iki gezek duşuşdy. Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň Daşoguzda geçen birinji aýlawynyň ýaryşynda «Köpetdag» 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Aşgabatda geçen ikinji aýlawyň ýaryşynda bolsa deňme-deň hasap ykrar edildi – 4:4. Çempionlyga dalaş edýänleriň üçünji oýny-da şondan pes bolmadyk erjel göreşde geçdi.
Duşuşygyň başynda Şiri Baýramdurdyýew pökgini tora girizmek bilen «Deňizçini» öňe çykardy – 1:0. Birnäçe minutdan soň Türkmenistanyň IIM-niň topary ýagdaýy düzedip biljekdi, emma Gurbangeldi Sähedow toparyň 6-njy gezek düzgüni bozanlygy üçin berlen goşa jerime urgusyny şowly amala aşyrmady. Derwezeçi Meretgeldi güýçli gelen urgyny yzyna serpikdirdi. Şeýle-de bolsa, 3 minutdan soň G.Sähedow hasaby deňledi – 1:1. Ýene az salymdan Kerwen Annaorazow pökgini ikinji gezek tora girizdi we toparlar «Köpetdagyň» peýdasyna 2:1 hasap bilen arakesmä çykdylar.
Ikinji ýarymda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň topary oýnuň akymyny üýtgetmegi başardy. Soňky 20 minutda Akmyrat Durdyýew saýlanmagy başardy, ol ilki daşardan oýna girizilen pökgini uzak aralykdan tora saldy, şonuň 3 minut yzýany bolsa ikinji gezek topy derwezä salmak bilen, Türkmenistanyň iki gezek we häzirki çempionyna şanly ýeňiş getirdi. 16-njy tapgyryň beýleki oýunlarynda «Turan» we TNGIZ-niň topary ylalaşykly tamamlandy – 1:1, «Migrasiýa» «Senagatbanky» 2:1 hasabynda utmak bilen, yzly-yzyna iki gezek ýeňiş gazandy.
Ýeňlendigine garamazdan, 30 utugy bolan «Senagatbank» «Gümrükçi» topary bilen 3-nji we 4-nji orunlar ugrundaky göreşini dowam etdirýär.