Ï Türkmenistan Durnukly ösüşüň maksatlaryny strategiki meýilnamalaşdyrmagyň ähmiýetine üns berýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryny strategiki meýilnamalaşdyrmagyň ähmiýetine üns berýär

view-icon 5077
Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryny strategiki meýilnamalaşdyrmagyň ähmiýetine üns berýär

Türkmenistanda Durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmek ýagdaýyna baha bermek we strategiki meýilleşdirmek boýunça giriş okuw sapagy geçirildi.

Oňa degişli milli hereket meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegi üçin pudagara iş toparynyň agzalary gatnaşdy. Bu çäre 2023-nji ýylyň mart aýynda Singapuryň Milli uniwersiteti tarapyndan guralan okuwyň dowamy boldy.

Her bir ýurt üçin Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin aýratyn milli gurluş möhümdir. Durnukly ösüşiň maksatlaryny işläp düzmekde raýat jemgyýeti has işjeň gatnaşmalydyr.

Durnukly ösüşiň maksatlarynyň çäginde ýurduň ileri tutýan ugurlary tematiki iş toparlarynda geçirilen maslahatlar we çekişmeler arkaly kesgitlenýär.