Ï Türkmenistanly samboçy Ýerewanda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medal eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly samboçy Ýerewanda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medal eýeledi

view-icon 3810
Türkmenistanly samboçy Ýerewanda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medal eýeledi

Türkmenistanly türgen Begenç Baltaýew Ýerewanda geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy. Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň 2-nji sport mekdebiniň 28 ýaşly tälimçisi bu üstünligini 79 kg çenli agram derejesinde gazandy. Ýaryşda 24 pälwan medallar ugrunda göreşdi.

Bu iri ýaryşa 62 ýurtdan 332 türgen gatnaşdy, onda sport we söweş sambosynda erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda 21 agram derejesinde iň güýçli samboçy ady ugrunda tutluşdylar. Tutluşyklar «Demirçýan Arena» ady bilen hem tanalýan Karen Demirçýan adyndaky sport-konsert toplumynda geçirildi. Russiýadan, Belarusdan, Fransiýadan gelen pälwanlar, şeýle hem bosgunlar topary bitarap derejede bäsleşdiler. Türkmenistanyň milli ýygyndysyndan ýaryşa ýedi türgen gatnaşyp, olardan diňe biri hormat münberine çykdy.

Üstünlige ýetmek üçin Begenç Baltaýew dört ýeňiş gazandy. Birinji tutluşykda Dino-dominik Sumpory (Horwatiýa) ýeňdi, soňra Lewan Nahutrişwiliden (Gruziýa) üstün çykdy, üçünji aýlawda bolsa Hadbaatar Narankuudan (Mongoliýa) rüstem geldi. Finala çykmak ugrundaky göreşde dünýä çempiony bolan Iwan Harkowdan (Bolgariýa) ýeňildi, bürünç medal ugrundaky göreşde Ahunaa Beçşenaly Uuludan (Gyrgyzystan) üstün çykdy.

Bu agramda ikinji bürünç medaly russiýaly Ýegor Suhoparow, kümüş medaly bolsa finalda bolgar Iwan Harkowdan ýeňilen ermeni samboçy Boris Şatwerýan eýelediler. Dünýä çempionatynda medal gazanan samboçylara Halkara sambo federasiýasynyň altyn, kümüş we bürünç nyşanlary, şeýle hem pul baýraklary gowşuryldy.

Bu Begenç Baltaýewiň iri halkara ýaryşlarynda gazanan ilkinji üstünligi däldir. Ol geçen ýyl Juniýada (Liwan) geçirilen Aziýa çempionatynda we Aktauda (Gazagystan) geçirilen Aziýa Kubogy ugrunda açyk ýaryşda kümüş medal eýeledi. 2022-nji ýylda Bişkekde geçirilen dünýä çempionatynda ikinji orna mynasyp boldy. Şu ýyl Begenç Astanada (Gazagystan) Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda kümüş medal gazandy. Indi bolsa 2023-nji ýyldaky dünýä çempionatynda bürünç medal eýeledi.

2024-nji ýylda Astana şäherinde sambo boýunça dünýä çempionaty we 2025-nji ýylda Aşgabatda sportuň şu görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçiriler.