Ï Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyna gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyna gatnaşyjylara

view-icon 3762
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyna gatnaşyjylara

Hormatly adamlar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň, Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ylym, bilim, medeniýet, sungat, parlament ulgamlarynyň ýaş wekillerini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaýyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ilçilerini özünde jemleýän bu forumyň ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilimde, ylymda we innowasiýalarda, medeniýetde, sungatda ýaşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy, parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmakda Bitarap Türkmenistanyň toplan baý tejribesi, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde ýaşlaryň orny ýaly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyljak bu forumyň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasynda bilim, ylym, medeniýet, ýaşlar syýasaty meseleleri boýunça mümkinçilikleri birleşdirmäge gönükdirilendir. Bu bolsa ählumumy parahatçylygy, bähbitleri göz öňünde tutup, halklaryň we döwletleriň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň kemala gelmegine gönükdirilen täze mazmunly gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreder.

Halkara ýaşlar forumyna gatnaşýan eziz ýaşlar!

Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşy, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler biziň halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda geljek ýüzýyllyklara nusga boljak ägirt uly işlere badalga berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň uzak geljegini — 2022 — 2052-nji ýyllary öz içine alýan döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Milletimiziň agzybirligi, jemgyýetimiziň jebisligi, ýaş raýatlarymyzyň döredijilikli başlangyçlary bu gün bize içeri we daşary syýasatymyzy sazlaşykly alyp barmaga, döwlet gurluşyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de has-da kämilleşdirmäge oňyn şertleri döredýär.

Taryhyny adamzat siwilizasiýasynyň irki döwürlerinden alyp gaýdýan Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklary bilen birlikde, türkmen halky hem öz durmuş-medeni nusgasyny, parahatçylygy, agzybirligi üpjün edip gelen milli ýörelgelerini döredipdir. Bu ýörelgeler häzirki döwrüň örän ýokary derejede ösýän ylmy-tehniki pikirleri, tehnologiýa babatda ýokary ösüşler we mümkinçilikler, dünýäde giňden ykrar edilýän halkara başlangyçlar bilen sazlaşykly utgaşyp, biziň şu günki alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasyny düzýär. Munuň özi ygtybarlylygy, açyklygy, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaş döwlet hökmünde tanalýan Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraýynyň has-da artmagyna uly itergi berýär.

Biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyz halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döredýär. Innowasiýalara esaslanýan milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýän giň gerimli we strategik maksatnamalar, ösüşiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly milli nusgasy, iri halkara guramalaryň belent münberlerinden adamzadyň parahat, bagtyýar geljeginiň hatyrasyna öňe sürlen derwaýys başlangyçlar, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgä eýerilip dünýäniň halklarydyr ýurtlary bilen ýola goýulýan dost-doganlyk gatnaşyklary halkara bileleşikde uly gyzyklanma döredýär. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň festiwalynyň geçirilmegi hem halklarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine ýardam eder.

Hormatly ýaşlar forumyna gatnaşyjylar!

Biziň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara düzümler tarapyndan goldanylýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgämiz hem-de strategik maksatlarymyz ählumumy ösüşiň wezipelerine doly laýyk gelýär. Bu bolsa parahatçylygy, howpsuzlygy, hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça bilelikdäki halkara tagallalaryň esasyny we ugruny kesgitleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä üçin hemişe açykdyr hem-de Ýer ýüzünde asudalygy, howpsuzlygy berkitmek üçin geljekde-de ähli zerur işleri amala aşyrar.

Türkmenistanda 2023-nji ýylyň şygary «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy. Bu şanly wakalara beslenen ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine goşuldy. Biz «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny» kabul etdik. Bularyň ählisi halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar.

Hormatly adamlar!

Halkara foruma gatnaşýan gadyrly myhmanlar!

Sizi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň öz işine başlamagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.