Ï 2023-nji ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2023-nji ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

view-icon 6318

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň gerimli gatnaşyklar köp babatda Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýyny kesgitleýär. Syn berilýän oktýabr aýynda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýurdumyzda we daşary döwletlerde guralan köpugurly çäreler — iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleridir forumlar ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir.

2-nji oktýabrda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň guramagynda hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işjeň gatnaşmagynda “Dialog —parahatçylygyň kepili” atly halkara ýaşlar forumy geçirildi. Çäräniň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar dialogyny döretmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

4-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady, energetika, nebitgaz, üstaşyr ulag, oba hojalygy pudaklarynda hem-de medeni-ynsanperwer ulgamda özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösüş depgini bellenildi. Şol gün Türkmenistan bilen Bütindünýä banky toparynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin ýolbaşçysy Tatýana Proskurýakowa bilen gepleşikler geçirildi.

4-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa, guramanyň Gazagystandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Baur, Halkara söwda merkeziniň we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german agentliginiň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda Merkezi Aziýada bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem şol gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Liwiýanyň ýaşlaryň işleri boýunça ministri Fatalla Elzuni bilen duşuşyk geçirilip, onuň barşynda ýaşlar syýasaty ulgamynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýarlyk nygtaldy.

5-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Žak Barberis bilen bolan duşuşykda Türkmenistan bilen bu düzümiň arasynda halkara ynsanperwer hukugynyň ýörelgelerini ilerletmek ugrundaky netijeli hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

9-njy oktýabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri Buýar Osmani bilen gepleşikler geçirildi. Onda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy energetika howpsuzlygy, ulag arabaglanyşygy we ekologiýa ýaly giň ugurlar boýunça ösdürmegiň meselelerine garaldy. Şol gün Finlýandiýanyň ÝHHG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Wesa Hakkinen bilen bolan duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

9-njy oktýabrda Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda geçirilen gepleşiklerde energetika, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşi nygtaldy.

10-njy oktýabrda “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Rumyniýanyň Energetika ministrliginde (Buharest şäheri) Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri nebitgaz önümçiliginde we nebithimiýa senagatynda kärhanalary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmakdan we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmakdan, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän gazy gaýtadan işleýän toplumlary gurmak üçin taslamalary durmuşa geçirmekden, serişde tygşytlaýjy öňdebaryjy tehnologiýalary, täzeçil ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary giňden ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

10-11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Lukmançylyk ylmynda, ilatyň saglygyny goramakda we berkitmekde sanly bilimi ilerletmekde, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda ýurdumyzyň häzirki zaman gazananlaryny görkezmek, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmek forumyň esasy maksady boldy.

11-nji oktýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Forum halkara ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmaga, alym, akyldar, lukman, tebigaty öwreniji, saz nazaryýetçisi, matematik we psiholog, dermanlary öwreniji, astronom, şahyr, Günbatarda “Awisenna” ady bilen tanalýan beýik şahsyýetiň köpugurly mirasyny wagyz etmäge bagyşlandy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlardaky meselelerine garaldy. Duşuşygyň jemlerine laýyklykda, “Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna” gol çekildi.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik, rehimdarlyk däplerinden ugur alyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde 11-nji oktýabrda Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi. Güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly ýurduň halkyna derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, azyk, dokma önümleri iberildi.

14-15-nji oktýabrda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwala ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlary, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň aktýorlary, režissýorlary, kinematografiýa işgärleri we prodýuserler gatnaşdylar.

16-njy oktýabrda Daşary işler ministrliginde “Euronews” Ýewropa habar beriş teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen geçirilen gepleşiklerde netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanda guralan möhüm ähmiýetli çäreleri şöhlelendirmek bilen bagly birnäçe taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigi bellenildi. Şeýle-de halkara maglumat giňişliginde uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen «Euronews» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

16-njy oktýabrda Pekin şäherinde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirilip, onuň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň ugurlarynda hyzmatdaşlygyň okgunly ösüş häsiýetine, halkara we sebit düzümlerindäki özara hereketlere üns çekildi.

17-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça sebitleýin müdiriýetiniň direktorynyň orunbasary Sebastýan Penzini bilen bolan duşuşykda tebigy betbagtçylyklara taýýarlyk we olaryň töwekgelçiligini azaltmak ulgamynda hyzmatdaşlyk, halkara hem-de sebit derejesinde çäreleri geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalary has-da işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

HHR-iň Başlygynyň çakylygy boýunça 18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda özara bähbitli, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň başlangyçly we işjeň ornuny tassyklap, energetika, ulag-kommunikasiýa, ekologiýa, senagat we beýleki pudaklara “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, tutuş ykdysadyýetde özara baglanyşygy çuňlaşdyrmak ýaly strategik ugurlara ünsi çekdi.

22-23-nji oktýabrda Lýuksemburgda iş saparynda bolan Türkmenistanyň daşary işler ministri «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» 19-njy ministrler duşuşygyna gatnaşdy. Onuň maksady geljekki hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, ählumumy we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki “Ýol kartasy”, «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» 19-njy ministrler duşuşygynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi, şeýle hem 2024-nji ýylda “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki ministrleriň indiki ýubileý duşuşygyny Türkmenistanda geçirmek baradaky teklip goldanyldy.

22-nji oktýabrda türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirilen Daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmelerine gatnaşdy. Onda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy.

23-24-nji oktýabrda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Aşgabadyň doganlaşan şäheri Albukerkede (ABŞ) Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Forumyň çäklerinde Nýu-Meksiko uniwersitetinde döredijilik duşuşygy, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň we artistleriniň konserti, el işleriniň, amaly-haşam sungatynyň nusgalarynyň sergisi guraldy.

Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we mundan beýläk-de ösdürmek ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda 25 — 27-nji oktýabr aralygynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly forumyň esasy maksady boldy. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralan sergi, onuň çäklerindäki 28-nji halkara maslahat utgaşykly görnüşde geçirilip, özüne ýüzlerçe adamy, şol sanda daşary ýurtlaryň 45-den gowragyndan wekilleri bir ýere jemledi. Forum milli ýangyç-energetika toplumynyň gazananlary bilen tanyşdyrmak, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň hünärmenleriniň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek, Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerika yklymynyň iri önüm öndürijileri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary işe girizmek, pudagyň ösüşiniň geljegini we dünýä meýillerini öwrenmek üçin amatly meýdança bolup hyzmat etdi.

Türkmen wekiliýeti 26-njy oktýabrda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň 22-nji mejlisine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Mejlislerde howpsuzlyk, howanyň üýtgemegine we suwuň hapalanmagyna garşy göreşmek, biodürlüligi gorap saklamak, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, energetika, ulag, oba hojalygy, senagat hyzmatdaşlygy, “ýaşyl” ykdysadyýet, sanlylaşdyrmak we maýa goýum ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine garaldy.

27-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen geçirilen duşuşykda metanyň zyňyndylaryny azaltmak, Gün hem-de ýel energiýasy ulgamynda bu düzümiň bilermenleriniň goldawynyň geljekki mümkinçilikleri, şeýle-de öňdebaryjy energiýa saklaýyş we geçiriş tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

29 — 31-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri iki doganlyk halkyň medeni-ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna ýardam edip, döwletara ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi. Medeni çäräniň çäklerinde Daşkent şäherinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik duşuşygy, türkmen halkynyň taryhyna we häzirki döwürde ýeten derejesine, özboluşly däp-dessurlaryna, senetçiligine bagyşlanan sergi, sazçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk, dabaraly konsert geçirildi. Buhara şäherinde Türkmen halysynyň muzeýiniň hem-de haly dokalýan önümhananyň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Magtymguly Pyragynyň bilim alan Gögeldaş medresesine hem baryp gördi.

30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen gepleşikleri geçirdi. Onuň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly düzümleriň hem-de «Merkezi Aziýa+...» görnüşindäki formatlaryň çäginde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garaldy.

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda sebit howpsuzlygy, durnukly ösüş, şol sanda serhet howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, ekologiýa, ulag ulgamy bilen bagly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol gün Daşary işler ministrliginde Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen geçirilen duşuşykda ýurtlarymyzyň giň ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Taraplar halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde garaýyşlaryň meňzeşdigine ünsi çekdiler.

31-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Pak Çžin bilen geçirilen duşuşykda parlamentara, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

31-nji oktýabrda Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary tarapyndan öňe sürlen bu iri döredijilik çäresi türkmenistanlylary hytaý halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Oktýabr aýynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Azerbaýjan Respublikasynyň, Bangladeş Halk Respublikasynyň, Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen bolan duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlardaky meseleleri, şeýle hem halkara guramalaryň we olaryň düzümleriniň çäklerindäki özara gatnaşyklar maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, geçen aýyň wakalarynyň beýan edilen syny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda rowaçlygyň, gülläp ösüşiň, halkymyzyň we Ýer ýüzüniň halklarynyň bähbitlerine gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ýoly bilen öňe barýan Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň görkezýär.