Ï Karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda türkmen talyby bürünç medaly eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda türkmen talyby bürünç medaly eýeledi

view-icon 3730
Karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda türkmen talyby bürünç medaly eýeledi

Türkmenistanly türgen Baýry Baýryýew Almatyda (Gazagystan) geçirilen karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 22 ýaşly 5-nji ýyl talyby 67 kilograma çenli agramda şeýle üstünlik gazandy.

Yklym ýaryşyna Germaniýa, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Kuweýt, Gyrgyzystan, Russiýa, Türkmenistan, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly 10 ýurtdan 140 töweregi türgen gatnaşdy.

Baýry Baýryýew 12 ýyl bäri karate bilen meşgullanyp gelýär. Bu ýapon söweş sungatynyň esaslaryny Balkanabatda ilkinji tälimçisi Nazmämmet Satlykgulyýewden öwrendi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Aýdyň Çaryýewiň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär.

Şu ýylyň sentýabr aýynda Baýry Baýryýew Bütindünýä şotokan karate federasiýasynyň (WSKF) howandarlygynda Daşkentde geçirilen şotokan karate boýunça dünýä çempionatynda Open absolýut agram derejesinde ikinji orny eýeledi. Oktýabr aýynda Hançžouda (Hytaý) geçirilen Aziýa oýunlarynda karatede (WKF) türkmen sportunyň taryhynda ilkinji medal gazandy.

Baýry Baýryýew Gazagystandan Watanymyza gaýdyp gelensoň türkmen sportçularynyň ýaryşlara taýýarlyk görmegi üçin ajaýyp şertleri döreden Türkmenistanyň Prezidentine, şeýle hem Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny bildirdi. 

Karate uzak wagtlap Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulmaga dalaşgär sport görnüşleriniň biri hasaplanýardy. Karateniň Olimpiýa sporty derejesine eýe bolmagyna päsgelçilikleriň biri-de onda türgenlere köp şikes ýetýänligidi. Mundan başga-da, olimpiýa sporty bolmak üçin belli bir ülňä gelmäge çalyşmaýan karate ugurlarynyň we federasiýalarynyň köplügi köp sanly päsgelçilik döretdi. 1990-njy ýylda birnäçe gurama birleşip, Halkara Olimpiýa komitetinde sportuň bu görnüşine wekilçilik edýän Bütindünýä karate federasiýasyny (WKF) döretdiler. 2020-nji ýylda karate dört sport bilen birlikde Olimpiýa oýunlaryna öwrüldi. Emma karate ýene-de Olimpiýa girýän sport görnüşlerinden aýryldy: ol 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň meýilnamasyna girizilmedi.