2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky edarasynyň binasynda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşygyň barşynda Korrupsiýa garşy iş alyp barýan hukuk goraýjy edaralaryň Global toruna - GlobE ulgamyna türkmen tarapynyň goşulýandygy bellenildi we onuň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp baryljakdygyna ynam bildirildi.
Şeýle hem BMG-niň Transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy Konwensiýasynyň we onuň üç sany goşmaça Teswirnamalarynyň hem-de BMG-niň korrupsiýa garşy Konwensiýasynyň çäklerinde göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilişine we meýilleşdirilýän işlere üns berildi.
Mundan başga-da, Türkmenistan bilen UNODC-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde geljekde amala aşyrylmaly ugurlar barada özara pikir alyşyldy.