2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň (IAEA) Wenadaky baş binasynda Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi H.Amannazarowyň Agentligiň baş direktory Rafael Grossä Türkmenistanyň Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky konwensiýa hem-de Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky konwensiýa goşulýandygy baradaky güwänamalary gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Dabaranyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen IAEA-niň arasyndaky hyzmatdaşlyga oňyn baha berdiler hem-de öňde duran wezipeler barada özara pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Mejlisi agzalan Konwensiýalara goşulmagy 2023-nji ýylyň oktýabrynda goldady. Bu konwensiýalara goşulmak baradaky güwänamalar gowşurulandan soň 30 günden bu Konwensiýalar Türkmenistan üçin güýje girýär.