Ï Türkmenistanyň MOK-nyň Baş sekretary AOG-nyň 2025-nji ýylda Daşkentde Aziýa ýetginjekler oýunlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komitetiniň düzümine girdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň MOK-nyň Baş sekretary AOG-niň 2025-nji ýylda Daşkentde Aziýa ýetginjekler oýunlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komitetiniň düzümine girdi

view-icon 10015
Türkmenistanyň MOK-nyň Baş sekretary AOG-niň 2025-nji ýylda Daşkentde Aziýa ýetginjekler oýunlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komitetiniň düzümine girdi

Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Baş sekretary Ata Akmämmedow 2025-nji ýylda Daşkentde geçiriljek Aziýa ýetginjekler oýunlaryny geçirmek boýunça Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň utgaşdyryjy komitetiniň agzasy boldy. Bu barada Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Raj Randhir Singh Türkmenistanyň MOK-ne iberen hatynda habar berdi.

2021-nji ýylyň ýanwaryndan bäri 37 ýaşly Ata Akmämmedow Türkmenistanyň MOK-nyň baş sekretary wezipesini ýerine ýetirýär.

2025-nji ýylda Aziýa ýetginjekler oýunlary geçirmek boýunça utgaşdyryjy komitetiň düzümine ondan başga-da, AOG-niň wise-prezidenti Timoti Fok, Nepalyň MOK-nyň prezidenti Jivan Ram Şresta, Täjigistanyň MOK-nyň baş sekretary Muhmadşo Abdulloýew, Bangladeşiň MOK-nyň baş sekretary Şahid Reza, Birleşen Arap Emirlikleriniň MOK-nyň baş sekretary Faris Mohammed Al Mutawa, Pakistanyň MOK-nyň baş sekretary Halid Al Mahmud ýaly ýedi adam girdi.

AYG ady bilen hem tanalýan Aziýanyň ýetginjekler oýunlary her dört ýyldan bir gezek geçirilýän Aziýa oýunlaryndan soň ikinji orunda durýar. Ol Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň howandarlygynda geçirilýär.

Ilkinji Aziýanyň ýetginjekler oýunlary 2009-njy ýylda Singapurda, ikinjisi 2013-nji ýylda Nankinde (Hytaý) geçirildi. Şondan soňky oýunlar ilkibaşda 2017-nji ýylda Jakartada geçirilmelidi, ýöne ol ýatyryldy. Soň 2021-nji ýylda üçünji Aziýa ýaşlar oýunlaryny Şantouda (Hytaý) geçirmek karar edildi, ýöne koronawirus pandemiýasy zerarly ýaryş geçirilmedi. Indi 2025-nji ýylda Aziýanyň iň güýçli ýaş türgenleriniň Özbegistanyň paýtagtynda geçiriljek nobatdaky yklym oýunlaryna gatnaşmagyna doly esas bar.