2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen gepleşikleri geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda ministrler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşdylar. Şol bir wagtda, döwletara görnüşde, şeýle hem halkara we sebit düzümleriň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň depginli häsiýeti tassyklanyldy.
Ministrler ýokary derejedäki gepleşikleriň we duşuşyklaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly möhüm meselelere aýratyn üns çekdiler.
Taraplar şeýle hem meýilleşdirilýän duşuşyklaryň we çäreleriň tertibini deňeşdirdiler.