Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň gurluşy, şeýle hem akademiýa okuwa kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň gurluşy, şeýle hem akademiýa okuwa kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy

view-icon 8429

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işini has-da kämilleşdirmek, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin ýokary taýýarlykly ýolbaşçylary, gullukçylary, döwlete degişli bolmadyk kärhanalar, guramalar üçin hünärmenleri talabalaýyk taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň gurluşy, şeýle hem akademiýa okuwa kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.