Ï Türkiýeli nakgaşyň suwa ýag bilen çekýän suratlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkiýeli nakgaşyň suwa ýag bilen çekýän suratlary

view-icon 5193
Türkiýeli nakgaşyň suwa ýag bilen çekýän suratlary
camera-icon
Hasan Magadow

Türkiýe medeniýetiniň Türkmenistandaky günleriniň çäklerinde Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde tanymal türk nakgaşy Halit Barutçigiliň işleriniň sergisi açyldy. Türkiýeli nakgaş juda üýtgeşik usulda işleýär — ol suwa ýag bilen surat çekýär.

Türkmen nakgaşlary we şekillendiriş sungatynyň muşdaklary Halit Barutçigiliň döredijiligine uly gyzyklanma bildirdiler. Onuň suratlaryna syn edeniňde bizi gurşap alýan dünýäniň nepisligi özüne maýyl edýär. Nakgaş tebigaty filosofik nukdaýnazardan inçelik bilen şekillendirýär. Onuň döredijiliginde suw Zemin durmuşynyň gözbaşy, şonuň üçinem reňbe-reň buýra tolkunlarda üstünde mör-möjekler mesgen tutan ýaprak göze ilýär.

Zemin durmuşynyň şol döwri adam-garasyz geçipdir, ýöne ýapraklaryň birinde eýýäm düwünjek — haýwanat dünýäsiniň şinesi kemala gelipdir.

Halit Barutçigil sergä ençeme gül şekillerini hödürläpdir. Onuň çeken güläleklerdir bägülleri sadadan nepis. Hut şonuň üçinem nakgaş olary desselemändir-de, her gülüň özboluşlygyny nygtamak üçin olary aýry-aýry şekillendiripdir.

Uzyn gylyjy şekillendirýän işi hasam ünsüňi özüne çekýär, onda şol bir wagtyň özünde syrdam boýly zenan göze ilýär: ýaglygy - gylyjyň sapy, tygy – inçebil jenana.

Onuň manzarlary-da özboluşly, olaryň aglabasynda Stambulyň sudury görünýär, her gezegem asmanyň reňki üýtgeşik berilýär.

Halit Barutçigil muzeýiň mejlisler zalynda guralan ussatlyk sapagynda öz döredijilik usuly bilen tanyşdyrdy. Ol surat döredişiniň ähli tapgyryny jikme-jik görkezdi. Onuň tilsimini gaýtalamaga höwesek kändi. Ussatlyk sapagyna gatnaşanlar bezegli we gülli dürli reňkli suratlary ýadygärlik hökmünde ýany bilen äkitdiler.