Ï Ýurdumyzda maýyl howanyň dowam etmegine garaşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda maýyl howanyň dowam etmegine garaşylýar

view-icon 3040
Ýurdumyzda maýyl howanyň dowam etmegine garaşylýar

Şu hepdede güneşli, salkyn howa bolar. Gündizlerine howanyň ortaça temperaturasy +27 gradus töwereklerinde saklanar. Käbir sebitlerde az-owlak ýagyş ýagmagy mümkin.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +6... +8 gradusdan +13... +15 gradus aralygynda, gündizlerine +14... +16 gradusdan +27... +29 gradus aralygynda maýyl bolar. 

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +6... +11 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda, gündizlerine +13... +18 gradusdan +26... +31 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +7... +12 gradusdan +12... +17 gradus aralygynda, gündizlerine +26... +31 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +20... +25 gradus maýyl bolar. 

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +5... +10 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda, gündizlerine +12... +17 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +3... +8 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda, gündizlerine +12... +17 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +2... +7 gradusdan +10... +15 gradus aralygynda, gündizlerine +9... +14 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl bolar.