Ï Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

view-icon 3388
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ony pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işleri geçirilýär. Welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi we ýetişdirilen pagta hasylynyň ýygnalyp alynmagyny, bu işleriň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler meýdanlarda bar bolan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri dowam edýär, ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär, tabşyrylan hasyl üçin pagta öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga beriljek medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi hem-de welaýatyň pagta meýdanlaryndaky bar bolan hasylyň iň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak hem-de bökdençsiz kabul etmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek, alnan önümleri kärhanalarda talabalaýyk saklamak, pagta öndürijiler bilen Watan harmanyna tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Şeýle hem geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işlerine girişildi. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işlerini bellenen möhletlerde we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şaly oragy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Meýdanlarda bar bolan şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler geçirilýär.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de pagta ýygymynyň depginleriniň güýçlendirilmegini, ýetişdirilen hasylyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan pagta hasylyny talabalaýyk saklamak we pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Şeýle hem geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Pagta ýygymy bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak hem-de Watan harmanyna tabşyrmak boýunça utgaşykly işler alnyp barylýar.

Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän bu möhüm möwsümiň talabalaýyk, guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginleriniň artdyrylmagyny, meýdanlardaky hasylyň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, bugdaýa ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini, şaly oragynyň bökdençsiz geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan pagta hasylyny kabul ediş harmanhanalaryna daşamak we talabalaýyk saklamak, pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, 2024-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Şeýle hem sebitde ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak, ýygnalan hasyly kabul ediş nokatlarynda gündelik bökdençsiz kabul etmek we gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär.

Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny aýtdy we pagtany ýygnap almak işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek, gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak bilen bagly işleri berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatlarda pagta ýygymy dowam edýär. Ýygnalan pagta hasylyny harmanhanalarda kabul etmek we talabalaýyk saklamak, şeýle hem pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasyly ýygnalýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda sürüm işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we pagta hasylyny ýygnap almak işleriniň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň wajyp ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.