Ï Türkmenistan — ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy

view-icon 5225

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasaty alyp barýar. Şunda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen netijeli dialogyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzy bu gurama bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Bu gurama bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, bu komitet sportuň ähmiýetli ornuny giňeltmek we ony döwlet syýasatynyň düzümine girizmek maksady bilen, 1978-nji ýylda döredildi.

17-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz ähli watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, ÝUNESKO bilen däp bolan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň agzalan komitetiň düzümine saýlanmagy Watanymyzyň halkara giňişlikde hemmetaraplaýyn ýokarlanýan abraýynyň aýdyň subutnamasy, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, dünýäde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge goşýan saldamly goşandynyň nobatdaky ykrarnamasydyr. Ýurdumyzyň 2017 — 2021-nji ýyllar döwri üçin hem ÝUNESKO-nyň bu düzüminiň agzalygyna saýlanandygyny we onuň işine işjeň gatnaşandygyny bellemek gerek.

Bedenterbiýäni we sporty döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Türkmenistan bu ugurda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy babatda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän strategiýanyň netijesinde türkmen sporty ösüşiň täze derejesine çykdy.

Bu ugurda degişli infrastruktura döwrebaplaşdyrylýar, türgenler we tälimçiler üçin ähli amatly mümkinçilikler döredilýär. Şunda türgenleşikleri we ýaryşlary geçirmek hem-de Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň täze neslini kemala getirmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulandyr. Ýokary derejeli sportuň ösdürilmegi bilen bir hatarda, uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe bolan bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň işjeňleşdirilmegine hem aýratyn üns berilýär. Ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary, türkmen türgenleriniň yzygiderli artýan ussatlygy hem-de olaryň abraýly halkara bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri bu ugruň geljegine gönükdirilen giň gerimli işleriň aýdyň netijesidir. 2021-nji ýylda Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda ilkinji kümüş medalyň gazanylmagy milli sportumyzyň taryhynda şanly wakalaryň biri boldy. Bularyň ählisi sport döwleti hökmünde Diýarymyzyň dünýädäki abraý-mertebesiniň belende galmagyna ýardam berýär.

Sport — bu ýokary sepgitlere ýetmek üçin güýjüň, gözelligiň, sagdynlygyň, kuwwatlylygyň we maksada okgunlylygyň jemlenmesidir. Häzirki zaman dünýäsinde ol özara düşünişmek, hormat goýmak we ynanyşmak gurşawyny döretmäge ýardam edýän sebit hem-de ählumumy derejedäki netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegidir. BMG, ÝUNESKO, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly halkara düzümler bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy goldaýan Türkmenistan sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmek ugrunda çykyş etmek bilen, bu babatda anyk başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyz halkara sport merkezleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Munuň şeýledigine Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hem şaýatlyk edýär. 2018-nji ýylda Türkmenistanda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty we “Amul — Hazar” halkara awtorallisi üstünlikli geçirildi. 2009-njy ýylda bolsa Gahryman Arkadagymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça uzaýan awtoralli ýaryşyny geçirmek başlangyjyny öňe sürüpdi.

Häzirki wagtda ýerli howa şertlerini hasaba almak bilen, ozal ýurdumyza mahsus bolmadyk sportuň gyşky görnüşleri hem ösdürilýär. Sportuň beýleki gyzykly görnüşleri bilen meşgullanmak üçin hem mümkinçilikler bar. 2014-nji ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýelkenli sport boýunça dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlaryň deslapky tapgyryny geçirmek bilen, ýurdumyz bu görnüşli halkara sport ýaryşlaryna ilkinji gezek goşuldy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň sebit we ählumumy derejedäki iri ýaryşlary guramakda baý tejribesidir mümkinçilikleri bar. Ýakyn günlerde bolsa Aşgabatda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna badalga berler. Halkara kuraş assosiasiýasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, häzirki günde Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň, Okeaniýanyň milli sport federasiýalarynyň 118-sini bir ýere jemleýär. Göreş sungatynyň bu meşhur görnüşi boýunça ýaryşlar paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde geçiriler.

Ýeri gelende nygtasak, şu ýylyň iýun aýynda bu köpugurly sport toplumynda 12 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň birinjiligi ugrundaky toparlaýyn ýaryşlar geçirildi. Halkara tennis federasiýasy we Aziýanyň tennis federasiýasy bilen hyzmatdaşlykda guralan bu sebitleýin ýaryşyň ýurdumyzda ikinji gezek geçirilendigi bellärliklidir. Bularyň ählisi ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna Ýer ýüzünde parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmaga ýardam edýän, adamlary hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek gymmatlyklaryň daşynda birleşdirýän halkara sport hereketiniň ösdürilmeginde Türkmenistanyň işjeň we başlangyçly orny eýeleýändiginiň aýdyň beýanydyr.