BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistanyň döwlet işgärleri bilen gender meselesiniň hemme tarapyny göz öňünde tutmak boýunça ýöriteleşdirilen kurslary geçirmek üçin birnäçe okuw gurady.
Synag kursy BMGÖM-iň Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde durmuşa geçirýän «2021 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli hereket meýilnamasynyň adam hukuklary babatynda durmuşa geçirilmegine goldaw» atly üç ýyllyk taslamanyň çäginde işlenip düzülip, geçirildi. BMGÖM-iň gender deňligi boýunça halkara hünärmeni Bilýana Maletin döwlet işgärleri üçin gender meselesiniň hemme tarapyny göz öňünde tutmak boýunça ýöriteleşdirilen okuwlary işläp düzdi we geçirdi. Okuwlara gatnaşanlar gender meselesiniň gender derňewi, gender deňligi, Türkmenistan boýunça gendere dahylly maglumatlar, gender barada lenç edilen düşünjeler we gender deňligi babatynda milli kanunçylyk ýaly möhüm meseleler barada düşünje aldylar.
Adam hukuklary boýunça okuwy işläp düzmek we durmuşa geçirmek boýunça iş toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň döwlet işgärleri üçin «Gender meselesiniň hemmetaraplaýyn göz öňünde tutulmagy» atly ýörite okuwyň taslamasy bilen baglanyşykly birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Okuwyň netijeleri boýunça, oňa gatnaşanlar okuwyň taslamasyna düşündirişler we teklipler berdiler.