Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek 2025-nji ýyldaky Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guruljak Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň çäginde ýurduň Döwlet baýdagy dikildi.
Baýdak dikmek dabarasy Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň 14–16-njy noýabrda Ýaponiýa sapary wagty geçirildi.
Milli pawilýonyň gurluşygy üçin ýer EKSPO-2025 sergisine gatnaşýan beýleki ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup Türkmenistana bölünip berildi. Netijede Türkmenistan ilkinji bolup Döwlet baýdagyny EKSPO-2025 sergisiniň geçýän ýeri bolan Ýumesima emeli adasynda dikdi.
Baýdak dikmek dabarasyna Ýaponiýanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergisi assosiasiýasynyň we türkmen pawilýonyny gurýan potratçy «Belli» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.