Ï Türkmen-türk hyzmatdaşlygy Türkiýäniň metbugatynyň sahypalarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy Türkiýäniň metbugatynyň sahypalarynda

view-icon 4443

Häzirki wagtda dünýäniň syýasy ulgamynda ýakyn gatnaşyklary saklamak bilen, Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy häzirki wagtda sebitleýin we dünýäniň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini bellemeli. Şeýle hem ynsanperwer hyzmatdaşlygy halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi saklamak we syýasy hem-de ykdysady gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek üçin möhüm gural hökmünde ykrar edildi.

Bu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary alyp barmak ugryndaky ýokary derejeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, döwrüň talaplaryna täze mazmun bilen baýlaşdyrmak baradaky yzygiderli ýokarlanýan islegleriň netijesinde gazanyldy.

Bu ugurda, şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä resmi sapary ýenede bir gezek tassyklady. Döwlet Baştutanymyz Ankara şäherine saparynyň çäklerinde, Türkmen-Türk işewürlik forumynyň işine gatnaşdy we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen gepleşikleri geçirdi. Ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça 13 resminama gol çekildi.

Şeýle hem Türkiýäniň «İşindetayı» atly halkara žurnalynyň bu saparyň netijeleri hem-de iki döwletiň Baştutanlaryň arasynda geçirilen gepleşiklerine bagyşlanan ýörite sanynyň çap edilendigini bellemek gereklidir. Bulardan başgada, Döwlet Baştutanymyzyň sapary abraýly türk neşirleri, şol sanda « Anadolu Ajansı», «TRT Haber», «CNN Türk», «Pusula», «Haber» tarapyndan giňden beýan edildi.

Şeýlelik-de, dostlukly ýurduň neşirlerinde döwletimiziň Garaşsyzlygynyň taryhy, syýasatda, ykdysadyýetde, jemgyýetde, ylymda we medeniýetde gazanylan ýokary ösüşleri barada gürrüň edildi. Şeýle hem Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň geljegi barada makalalar çap edildi.

Mundan başga-da, bu neşirlerde hormatly Prezidentimiziň Türkiýä amala aşyran sapary dowamynda geçirilen gepleşikler barada giňişleýin maglumatlar okyjykara ýetirildi. Aýratyn-da, Türkmenistan-Türkiýe işewürler forumynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlary baradaky maglumatlar hödürlenýär.

Bu ýörite türk neşirleriniň çap edilmegi, ýurdumyz barada iň baý çeşmä hem-de ykdysady ösüşlerimiziň we köp asyrlyk taryhymyzy we medeniýetimizi Türkiýä Respublikasynyň barha artýan gyzyklanmasynyň ýene bir subutnamasy boldy.