Ï Wise-premýer B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Awstriýa Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Wise-premýer B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Awstriýa Respublikasynda gulluk iş saparynda bolar

view-icon 6977

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş maslahatynyň 20-nji mejlisine gatnaşmak hem-de gurluşyk we senagat babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň hem-de Wena şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmek üçin, 2023-nji ýylyň 26 — 30-njy noýabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde gulluk iş saparynda bolar.