Ï Janköýerler Kuraş boýunça dünýä çempionatyna tomaşa etmäge gelýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Janköýerler Kuraş boýunça dünýä çempionatyna tomaşa etmäge gelýärler

view-icon 4125
Janköýerler Kuraş boýunça dünýä çempionatyna tomaşa etmäge gelýärler

Aşgabatda Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty barha gyzyşýar. Bäsleşigiň ilkinji gününde aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi Söweş sungaty sport toplumyna geldiler.

Iň iri dünýä birinjiliginiň myhmanlary üçin Sport toplumynyň eýwanynda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň nyşanlary bolan ýöriteleşdirilen ýadygärlik sergi-ýarmarkasy guraldy. Tekjelerde depderler, nyşanlar, kompýuter dolandyryjysydyr «Türkmenistanda öndürildi» nyşanly ençeme zatlar bar.

Iň ýaş sport janköýerleri hem dünýä çempionatyna tomaşa etmek isleýärler. Mysal üçin, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Gülaýym Golakowa ogluny sport ýaryşlaryna getiripdir.

– Oglum sporta höwesek. Şonuň üçinem ony hakyky ussat pälwanlaryň tutluşyklaryny ýakyndan görsün diýip bu ýere getirdim. Bize ýaryşa petegi sowgat berdiler. Türgenlerimiziň gatnaşmagynda gyzykly tutluşyklary göreris diýip umyt edýäris – diýip, Gülaýym gürrüň berdi. 

Münberlerdäki iň işjeň janköýerler – talyplar Türkmenistanyň milli ýygyndysyny ýörgünli sözler bilen goldaýarlar. Galyberse-de, münberleriň depesinde buýsançly pasyrdaýan Döwlet baýdaklary türgenleri ýeňişe ruhlandyrýar. Mukaddes Baýdak her bir türkmenistanly üçin watanperwerligiň we Watana buýsanjyň nyşanydyr.

Janköýerler türgenlere üstünlik arzuw edip: «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýip, buýsanç bilen bir sese goşulýarlar.