Ï Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisi geçirildi

view-icon 3924
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisi geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda iki ýurduň degişli pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin bu komitetiň hytaý tarapyndan başlygy, Hytaýyň kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.

Mejlisiň barşynda strategik hyzmatdaşlyk esasynda ösdürilýän döwletara dialogyň däbe öwrülen dostlukly, toplumlaýyn, ygtybarly we netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Nygtalyşy ýaly, taraplaryň özara tagallalary esasynda soňky ýyllarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna hil taýdan täze itergi berildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýokary, Hökümet we pudagara derejede geçirilýän yzygiderli gepleşikler ýardam edýär.

Şu ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran saparlary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakalar boldy. Saparlaryň barşynda geçirilen duşuşyklar, gazanylan ylalaşyklardyr gol çekilen resminamalar Türkmenistanyň we HHR-iň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly kuwwatlyklary netijeli peýdalanmagy maksat edinýändiklerini aýdyň görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellemek gerek.

Esasy ugurlarda netijeli özara hereketleriň ösdürilmeginde degişli ikitaraplaýyn Ylalaşyk esasynda döredilen türkmen-hytaý hökümetara komitetine möhüm orun degişlidir. Onuň düzümine alty sany pudaklaýyn kiçi komitetler girýär. Olaryň nobatdaky mejlisleri şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda geçirildi. Komitetiň 6-njy mejlisiniň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde däp bolan söwda-ykdysady, ulag, energetika pudaklary görkezildi. Türkmenistan we Hytaý ýangyç-energetika toplumynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini topladylar. Muňa mysal hökmünde özara tagallalaryň netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilen ägirt uly transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny görkezmek bolar. Onuň üsti bilen türkmen tebigy gazy HHR-e bökdençsiz iberilýär.

Pudagyň senagat düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmaga, ekologik taýdan arassa täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek hem-de energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan ägirt uly kuwwatlyklary özünde jemlemek bilen, daşary ýurtly, şol sanda hytaýly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumynda geljekki hyzmatdaşlygyň meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylan ugur boldy.

Ulag-logistika pudagynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin hem uly mümkinçilikler bar. Irki döwürlerden bäri biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy Beýik Ýüpek ýoly özara baglanyşdyrypdyr. Bu gadymy ýoly täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeltmek boýunça anyk teklipleri öňe sürmek bilen, Türkmenistan Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasynda netijeli dialogy ilerletmek üçin amatly gurşawy döretmäge gönükdirilen anyk ädimleri ädýär. Munuň özi Hytaý tarapyndan öňe sürülýän “Bir guşak, bir ýol” halkara başlangyjynyň maksatlaryna hem gönüden-göni laýyk gelýär. Anyk ugurlara gönükdirilen özara gyzyklanmalar, köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary Türkmenistana we Hytaýa bu iki strategiýanyň durmuşa geçirilmegi, olaryň utgaşdyrylmagy, biri-biriniň üstüniň ýetirilmegi babatda hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bu başlangyçlar Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berip, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologik tapgyrlary, senagat guşaklaryny kemala getirmek bilen, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda senagat pudagynda, şol sanda oba hojalygynda, işewür toparlaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ynsanperwer ulgama uly üns berilýär. Şunda bilim, ylym, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem ýokary tehnologiýalar, beýleki möhüm ulgamlar hyzmatdaşlygyň wajyp ugry hökmünde kesgitlenildi.

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň jemleri boýunça degişli Teswirnama, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu gezekki duşuşygyň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, onuň köptaraply kuwwatyny doly herekete getirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.