Ï Türkmen obasynyň täze keşbi boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen obasynyň täze keşbi boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

view-icon 4260
Türkmen obasynyň täze keşbi boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

29-njy noýabrda Jemgyýetçilik guramalary merkezinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde geçiren türkmen obasynyň täze keşbi boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek we ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bäsleşige dürli ýaşdaky we hünärli ýazyjylar tarapyndan 70 iş hödürlendi. Ýazylan makalalarda we oçerklerde obanyň taryhydyr tanymal adamlary, oba medeniýet öýleriniň işleri, milli mirasa gadyr goýýanlar we wagyz edýänler, häzirki döwrüň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan tejribeli mülkdarlar we bagbanlar hakda gürrüň berilýär.

Bäsleşigiň baş baýragy Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň wekiline gowşuryldy. Birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelänler-de diplomlardyr gymmatly sowgatlar bilen sylaglandy. Olaryň arasynda «Adalat» gazetiniň habarçysy, Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetiniň talyby we tagtabazarly bir raýat bar.