Ï Türkmenistanyň Prezidenti Zambiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Zambiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 2880

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Zambiýa Respublikasynyň Prezidenti Hakainde Hiçilema hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Zambiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalar esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belleýär.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hakainde Hiçelema tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Zambiýa Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.