Ï Internetde «Magtymguly Pyragy» portaly açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Internetde «Magtymguly Pyragy» portaly açyldy

view-icon 7088
Internetde «Magtymguly Pyragy» portaly açyldy

«Magtymguly Pyragy» portalynyň döredilmegi Gündogaryň beýik akyldar nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek boýunça çäreler meýilnamasynyň esasy wezipeleriniň arasynda ýer tutýar. Bu işe portalyň mazmun taýdan doldurylmagyna jogap berýän Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň portal serweriniň programma üpjünçiligine we kiber goragyna jogapkär Tehnologiýalar merkeziniň we dil goldawyny berýän ýokary okuw jaýlarynyň hünärmenleri gatnaşdy.

Häzirki zaman sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly döredilen täze maglumat çeşmesi dünýä edebiýatynyň altyn gaznasynyň bir bölegi bolan Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny bütin dünýä hödürlemek bilen internet ulanyjysyna dünýäniň islendik ýerinde özi üçin türkmen halkynyň aňyýetine, ahlak gymmatlyklaryna we durmuş ýörelgelerine uly täsir eden şahyryň ruhy dünýäsini we filosofik garaýyşlaryny açmaga mümkinçilik berýär. Portalda şu bölümlerde ýerleşdirilen giňişleýin maglumatlar jemlenipdir: şahyryň ýaşan we döreden döwri, akyldaryň terjimehaly we milli garaýşy, goşgulary, ebedileşdirilişi, döredijiliginiň öwrenilişi, Magtymguly Pyraga bagyşlanan kitaplar we wakalar.

Şahyryň bu ýa-da beýleki eserini tapmak isleýän ulanyjylara amatly bolmagy üçin goşgular mowzuklara bölünipdir, ses ýazgylary ýerleşdirilipdir, ses ýazgylaryny gözlemek we baha bermek, okalan goşgularyň sanyny görmek mümkinçiligi-de bar. Portal Magtymguly Pyragynyň Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda gurlan ýadygärlikleriniň suratlaryny, tanymal adamlaryň şahyr hakda aýdan sözlerini, oňa bagyşlanan resminamalaýyn we çeper filmleri, fotosuratlary, dürli neşirleri, nusgawy türkmen şahyrynyň mirasynyň ylmy gözleglerini we onuň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler barada maglumatlary öz içine alýar.

Ulanyjylar üçin web-portalyň müdiriýetine maglumat ibermek mümkinçiligi-de döredilipdir. Magtymguly Pyragynyň eserini öwrenýän talyplaryň öz-özüni barlamagy üçin XVIII asyrda ýaşap geçen şahyryň goşgularyndaky häzirki dilde düşündirişini talap edýän sözlerine esaslanan elektron krossword düzülip, portalda ýerleşdirilipdir. Şeýle hem 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň belleniljek gününe çenli galan wagty bilmek üçin tersin hasaplaýjy-da göz öňünde tutulypdyr.

Portala şu salgy boýunça girip bilersiňiz: https://magtymgulypyragy.gov.tm