Ï Aram Haçaturýanyň döredijiligine bagyşlanan konsert
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aram Haçaturýanyň döredijiligine bagyşlanan konsert

view-icon 3795
Aram Haçaturýanyň döredijiligine bagyşlanan konsert
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Bu ýyl tutuş adamzat görnükli kompozitor Aram Haçaturýanyň doglan gününiň 120 ýyllygyny belleýär. Aram Haçaturýan üç simfoniýanyň - «Bagt», «Gaýane», «Spartak» baletleriniň, alty konsertiň, skripka, wiolençel we fortepiano üçin dürli pýesalaryň awtorydyr. SSSR-iň halk artisti, Lenin baýragynyň we Döwlet baýraklarynyň bäşisiniň eýesi A.Haçaturýan - şol döwrüň baýraklarynyň ählisine diýen ýaly mynasyp bolupdy.

«Spartak» baleti Haçaturýanyň iň tanymal, naýbaşy eseridir. Kompozitor «Gaýane» baleti üçin «Gylyçly tansy» 11 sagatda döredipdir. Hut şu saz hem Aram Haçaturýany Günbatarda tanymal etdi, şondan soň oňa Jenap «Gylyçly tans» diýýärdiler.

Haçaturýan Mikael Tariwerdiýewiň, Andreý Eşpaýyň, Alekseý Rybnikowyň, Edgar Oganesýanyň we beýleki meşhur kompozitorlaryň mugallymydy. Ýeri gelende aýtsak, ol Mikael Tariwerdiýewe kes-kelläm halypa bolmak islemedi, ony diňe onuň güýçli garyndaşlarynyň täsiri bilen şägirtlige aldy.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda ýubilýaryň hatyrasyna berlen konsertde diňleýjiler ermeni kompozitorynyň ajaýyp zehinine ýene bir gezek maýyl boldular.

Konsert sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Ýelena Osipowanyň Aram Haçaturýanyň ömri we döredijiligi barada çykyşy bilen açyldy. Konsertiň başynda Lermontowyň «Maskarad» dramasyna jadylaýjy «Walsy» bu ýere gelenleri özüne bendi etdi. Bahram Dolyýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary ansambly bu eseri kemsiz-köstsüz ýerine ýetirdi. Bu wals Haçaturýanyň döredijiliginiň ikinji ajap eseri. Tansçylar Allamyrat Saparow bilen Eneş Ereşowanyň nepis çykyşy «Walsyň» täsirini has-da güýçlendirdi.

Agşamyň guramaçylary Aram Ilýiç Haçaturýanyň döredijiligini boldugyça giňişleýin görkezmek üçin ýubileý agşamyna «Bagt halysy», «Gyz hakda aýdym», «Ermeni oturlyşyk aýdymy», «Ýerewan hakda aýdym» ýaly onuň meşhur estrada eserlerini hödürlediler. Olary hoş labyzly aýdan Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, Žanna Saýan, Döwran Şamyýew we Täzegül Baýramowa şol döwrüň aýdymçylarynyň ýerine ýetiriş usulyny gaýtalap, tomaşaçylary geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň ruhuna atardylar.

Konsert «Gaýane» baletinden üç tans bilen jemlendi. Onuň sazyny dört sazanda iki roýalda ýerine ýetirdi. Roýallarda Ýelena Arakelýan, Ýekaterina Darçiýa, Natalýa Ilýiçýowa, Ramina Gadimi saz çaldylar. Konserwatoriýanyň talyby Kakageldi Gurbanmyradow kakylyp çalynýan saz gurallarynda çykyş etdi. «Sunža» lezginka tansy mekdebiniň hyjuwly tansçylarynyň «Lezginka» tansynyň joşgunyna garamazdan, meşhur «Gylyçly tansy» beýlekilerden has belentdi.

Agşamy Ýekaterina Darçiýa alyp bardy.