Ï Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üsti täze «Boeing» uçary bilen ýetirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üsti täze «Boeing» uçary bilen ýetirildi

view-icon 4434
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üsti täze «Boeing» uçary bilen ýetirildi
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman iki uçarynyň birinjisidir.

Bu howa gämileri ýokary tygşytlylygy, rahatlygy bilen tapawutlanýar we 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyplydyr. Olaryň gonmasyz uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre ýetýär, uçuş tizligi bolsa sagatda 905 kilometre deňdir. Uçarlaryň enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de işläp taýýarlamalar ulanylýar. Täze uçarda eneler üçin orunlaryň we bäbekler üçin sallançaklaryň ýerleşdirilendigini bellemek gerek. Şeýle-de olaryň rahatlygy üçin ähli zerur serişdeler, çaga esbaplary we beýlekiler göz öňünde tutulandyr. Täze howa gämisiniň tehniki häsiýetnamalary Türkmenistandan Aziýanyň we Ýewropanyň islendik nokadyna gonmasyz uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi ulag ulgamynda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy” bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawlary netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap howa menzilleri gurlup ulanmaga berilýär, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň täze awiatehnikalarynyň satyn alynmagynyň hasabyna milli howa flotumyzyň üsti ýetirilýär we yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurdumyza iki sany «Airbus A330-200 P2F» (Fransiýa Respublikasy) kysymly ýük uçarlary gelip gowuşdy. Olar dürli ugurlar boýunça netijeli ýük daşamalary amala aşyrýarlar. Soňky ýyllarda ýolagçy we ýük gatnawlarynyň möçberi köpeldilip, hili ýokarlandyryldy. Howa gatnawlarynyň ykdysady görkezijileri artdy. Şu ýylyň on aýynda «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 209,2 göterime barabar boldy.

Daşary ýurt awiakompaniýalarynyň üstaşyr uçuşlar we uçarlaryň ýangyjynyň üstüni dolmak üçin ýurdumyzyň howa giňişligini peýdalanmaga bolan gyzyklanmalary barha artýar. Howa gatnawlarynyň işjeňligi hem yzygiderli ösýär, çünki şol kompaniýalar Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky has gysga, iň täze dolandyryş, nawigasiýa tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan ugurlar boýunça hereket etmegi ileri tutýarlar.

Şeýlelikde, durnukly ulag ulgamyny ösdürmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen döwlet syýasaty durnukly sebit hem-de ählumumy ösüşe hil taýdan täze itergi bermäge ukyply toplumlaýyn üstaşyr ulag, logistik düzümleriň döredilmegine saldamly goşant goşýan Bitarap Türkmenistanyň halkara strategiýasy bilen sazlaşykly utgaşýar.

...Dabaranyň geçirilýän ýerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere ýygnananlaryň öňünde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň «Laçyn» folklor topary öz çykyşlaryny görkezdi. Çykyşlarda Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň taryhy ösüşiniň dowamynda söwdada, medeniýetde, ylymda we beýleki ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýandygy nygtaldy. Muny häzirki wagtda ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän iri taslamalar hem subut edýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. 2016-njy ýylda hut şol gün Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirilipdi. Türkmenistanyň teklibi esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalar kabul edildi. Bu ulgamdaky ähli işler BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň umumy kabul edilen standartlaryna we kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegini, ulag ulgamyndaky uly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, multimodal ulag infrastrukturasynyň halkara standartlara laýyklykda ösdürilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, çykyş edenler bellediler.

Milli däp-dessurlara laýyklykda, ýaşuly nesliň wekilleri Aşgabadyň Halkara howa menziline ýolagçy uçarynyň gelip gonmagy mynasybetli asylly dessurlary berjaý edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň gülläp ösmegi üçin doga-dileg etdiler.