Ï Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy

view-icon 3332

2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşmak üçin Moskwa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we halkara syýasatynyň häzirki meseleleri barada pikir alyşdylar.

Türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygy ýokary derejede özara düşünişmek, ynanyşmak we aç-açanlyk bilen häsiýetlendirilip, depginli we yzygiderli ösýändigi mälim edildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda syýasy we diplomatik dialogy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, medeni-ynsanperwer we parlamentara gatnaşyklary ýaly ugurlar görkezildi.

Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň dünýä giňişliginde, Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we Hazar Bäşliginiň ýurtlarynyň arasynda abraýly halkara we sebit guramalarynda ösýän depginini kanagatlanma bilen bellediler. Şu nukdaýnazardan, Hazarýaka ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 5-nji dekabrda Moskwada geçiriljek duşuşygynyň ähmiýeti we wajyplygy geçen ýylyň tomsunda Aşgabatda geçirilen Hazarýaka ýurtlarynyň sammitinde gazanylan şertnamalary bilelikde durmuşa geçirmek prosesiniň logiki dowamy hökmünde ykrar edildi.

Russiýanyň Daşary işler ministri, Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan bitarap, parahatçylyk söýüji daşary syýasatyna ýokary baha berdi, hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň hem goşulan BMG-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Türkmen DIM-niň ýolbaşçysy hem öz gezeginde Türkmenistanyň daşary syýasat başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi we soňky ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen ýigrimi kararnamalaryň awtordaşlarynyň birine öwrülendigini aýtdy.

Iki ýurduň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we dünýä giňişligindäki hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ýakyn syýasy we diplomatik gatnaşyklary we gyzyklanma bilen hyzmatdaşlyk dialoglaryny dowam etdirmeklik barada ylalaşdylar.