Ï Daşoguz welaýatynda agaç we gyrymsy ösümlik tohumyny taýýarlamak işi tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda agaç we gyrymsy ösümlik tohumyny taýýarlamak işi tamamlandy

view-icon 3212
Daşoguz welaýatynda agaç we gyrymsy ösümlik tohumyny taýýarlamak işi tamamlandy

Daşoguz welaýatynyň tokaýçylary agaçdyr gyrymsy ösümlik tohumyny ýygnamak boýunça jogapkärli möwsümi üstünlikli amala aşyrdylar. Olar häzirki wagta çenli üç tonna töweregi çöl ösümlikleriniň, şeýle hem sazak, gandym, çerkez tohumyny, bir tonna ýaprakly ekinleriň tohumyny we 450 kilograma golaý pürli agaç tohumyny ýygnadylar.

Şeýle hem güýzki taýýarlyk işiniň çäginde dürli miweli agaçlaryň köp sanly tohumy taýýarlandy. Geçirilýän işler umumy meýdany onlarça gektar bolan nahalhanalary ekiş materiallary bilen üpjün etmäge mümkinçilik döreder.

Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri tarapyndan her ýyl möwsümleýin tohum ýygnamak işi tokaýlaryň dikeldilmegi we köpeldilmegi, şeýle hem tebigy baýlyklaryň tygşytly peýdalanylmagy üçin möhümdir.

Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda-da daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns berilýär. «Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy» we beýleki iri durmuş-ykdysady döwlet maksatnamalarynyň çäginde tebigaty goramak, biologik dürlüligi we tebigy landşaftlary gorap saklamak boýunça giňişleýin çäreler yzygiderli alnyp barylýar.

Bu iş türkmen alymlary tarapyndan abadanlaşdyryş işleri we sebiti has netijeli ulanmak boýunça işlenip düzülen teklipleriň esasynda amala aşyrylýar. Her ýyl dürli agaçlaryň ýüzlerçe müň täze nahalyny oturtmak hem sebitiň bag-bakja öwrülmegine möhüm goşant goşýar.