Ï Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda howa birden sowar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda howa birden sowar

view-icon 4120
Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda howa birden sowar

Hepdäniň başynda maýyl bolandygyna garamazdan, dynç günleri golaýlaşdygyça Türkmenistanda howanyň birden peselmegine garaşylýar. Howa gündizlerine ortaça +12 gradus bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +19… +21 gradus, gijelerine +9… +11 gradus bolar diýlip çaklanylýar. Hepdäniň ortasyndan howa gündizlerine +10 gradus, gijelerine +4 gradusa çenli peselip başlar. Az-kem ýagyş ýagmagy mümkin. Dynç günleri gijelerine howa -2 gradusa çenli sowar.

Ahal welaýatda bulutly howa bolup, howa gündizlerine +17… +22 gradus, gijelerine +8… +13 gradus bolar. Dynç günlerine golaý howa gijelerine +1 gradusa çenli peseler.

Balkan welaýatynda gündizlerine +19… +20 gradus, gijelerine +9… +5 gradus howanyň bolmagyna garaşylýar. Ýekşenbe gijesi howa +1 gradusa çenli pese düşer. Welaýatyň käbir ýerlerinde ýagyş ýagmagy mümkin.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +10… +15 gradus, gijelerine +5… +10 gradus bolar diýlip çaklanylýar.

Lebap welaýatynda bulutly howa bolup, howa gündizlerine +14… +19 gradus, gijelerine +4… +9 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda gijelerine howa -3 gradusa çenli sowar.

Daşoguz welaýatynda aýazly howanyň bolmagyna garaşylýar. Howa gündizlerine +16 gradus bolar. Hepdäniň ortasynda +4… -1 gradus, dynç günleri gijelerine -4… +1 gradus howa bolar.