Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty mekdep okuwçylary – Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary we «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň geljekki IV oýnuna gatnaşyjylar üçin umumy sapak guraýar.
Çäre institutda şu ýylyň 13-nji dekabrynda sagat 15:00-da geçiriler. Mekdep okuwçylary üçin umumy sapagy Türkmen döwlet maliýe institutynyň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Ahmet Annaberdiýew geçirer. Sapak «XVII-XVIII asyrlarda Osman imperiýasynyň halkara gatnaşyklary we daşary syýasaty» temasyna bagyşlanar, mekdep okuwçylary «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» intellektual bäsleşiginiň IV oýnunda çykyş ederler.
Umumy sapak bäsleşige gatnaşyjylara tema boýunça bilimlerini giňeltmäge kömek eder, ýokary synp okuwçylary taryhy döwrüň wakalary we bu döwürde milli diplomatiýa mekdebiniň ösüşi barada täze peýdaly maglumatlary alarlar.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň saýlama tapgyrynyň IV oýny şu ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriler. Oňa gatnaşýanlaryň toparyna bäsleşige taýýarlyk görmek üçin institutyň www.iirmfa.edu.tm resmi saýtynda taslamanyň guramaçylyk komitetiniň maslahat berýän edebiýatlarynyň giň sanawy ýerleşdiriler.
Intellektual taslama Türkmenistanyň mekdepleriniň 9–11-nji synp okuwçylary üçin geçirilýär we mekdep okuwçylary hünäre ugrukdyrýar. Taslamanyň tematiki mazmuny türkmen halkynyň taryhynyň dürli döwürlerini öz içine alýar.
Mundan başga-da, 2023-2024-nji okuw ýylynyň taslamasynyň III möwsümi Gündogaryň beýik dana şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – ählumumy adamzat gymmatlyklarynyň milli çyragy» atly umumy şygar astynda geçirilýär. Şundan ugur alnyp, möwsümiň ähli oýunlarynda ajaýyp şahyryň ömrüne we edebi mirasyna bagyşlanan meseleler hem bar.