Ï Ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli konsert
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli konsert

view-icon 18340
Ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli konsert
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatowyň ýolbaşçylygynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň konserti boldy.

Konsert Baýram Hudaýnazarowyň sazyna «Goý, aýdylsyn Bitaraplyk aýdymy» atly watançylyk aýdymy bilen açyldy. Ony simfoniki orkestr we solistler – Röwşen Baýramow bilen Arzygül Gylyjowa ýerine ýetirdiler.

Magtymguly Pyragynyň goşgysyna we Çary Nurymowyň sazyna «Armanym galdy» aýdymy liriki tenor owazly Ýusup Ataýew hyjuwly aýtdy. Tomaşaçylar zehinli aýdymçyny şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar.

Konsertde dürli eserler: «Leýli-Mejnun» we «Görogly» operalaryndan ariýalar, «Şirin-Şeker», Aman Agajykowyň gaýtadan işlän «Durdy bagşy» türkmen halk sazlary, Nury Halmämmedowyň «Magtymguly» filmindäki «Hüjüm» sazy, «Türkmenistan», Aman Agajykowyň «Garagum», Weli Ahmedowyň «Türkmeniň» simfoniki eserlerinden bölekler ýaňlandy.

Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetirmeginde Suhan Tuýliýewiň Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Dünýä heý» atly hoşzyban aýdymy konserte aýratyn röwüş berdi. Köpüň islegli aýdymçysyny onuň muşdaklary şowhunly el çarpyşmalar bilen mübärekledi.


Konsert Suhan Tuýliýewiň Magtymguly Pyragynyň «Türkmen galasy» goşgusyna ýazan eseri bilen jemlendi. Ony Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory we simfoniki orkestri dabaraly ýerine ýetirdi.

Bu konsert üýtgeşik boldy. Onda çykyş eden ýedi dirižýoryň arasynda diňe bir mugallymlar däl, eýsem, talyplaryň bardygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasy ýaly abraýly konsert meýdançasynda tanymal ussatlar bilen birlikde talyplaryň hem mynasyp çykyş etmeginiň özi hem ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramyna gazanan üstünligidir.