BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan döwletleriň 28-nji konferensiýasynda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan we ony durmuşa geçirmek üçin halkara guramalar hem hyzmatdaş döwletler bilen işleşmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.
Bu ugurda 2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Angliýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasy Türkmenistanda parnik gaz zyňyndylarynyň tükelleýiş ulgamyny işläp düzmegiň üçünji tapgyryna goldawy dowam etdirmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
Gol çekilen resminama parnik gazlarynyň täze tükelleýiş milli ulgamynyň taslamasyny işläp düzmäge ýardam etmegi göz öňünde tutýar. Bu bolsa Türkmenistanyň hökümetine Ählumumy metan borçnamasynyň şertlerini netijeli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. Şunuň ýaly ulgamyň döredilmegi Pariž howa şertnamasy boýunça borçnamalaryň bir bölegi hökmünde 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanyp, ýurduň milli derejede kesgitlenýän goşandynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine-de ýardam eder. Bu strategik resminama parnik gazlarynyň zyňyndylaryny 2030-njy ýylda 2010-njy ýyldaky derejesinden 20% azaltmagy göz öňünde tutýar.
Parnik gazlarynyň tükelleýiş ulgamy milli derejede kesgitlenýän goşandyň maksatlaryna ýetmek ugrundaky ösüşini öwrenmek we geljek maksatlara täzeden garamak üçin milli hasabatlylygy gowulandyrmaga mümkinçilik döreder, bu bolsa milli ösüş syýasatynyň gowulaşmagyna alyp barar. Saz işleýän hemişelik parnik gaz tükelleýiş ulgamy degişli ministrliklere we döwlet edaralaryna parnik gazlarynyň mukdaryny öz wagtynda kesgitläp, bellige almaga, şeýle hem howa bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça milli tagallalary goldamak üçin pudak derejesinde sazlaşdyrylan çäreleri görmäge mümkinçilik berer.