2023-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (BMG-HABITAT) bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa, BMG-HABITAT-yň Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa boýunça sebitleýin geňeşçisi K. Şefer, şeýle-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda taraplar Türkmenistanda BMG-HABITAT-yň wekilhanasyny açmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny döretmegiň wajyplygy barada pikir alyşdylar.
Taraplar Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň BMG-HABITAT bilen hyzmatdaşlygynyň ösüş häsiýeti eýedigini hem bellediler.