Ï Türkmenistanyň DIM-de UNFPA-nyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-de UNFPA-nyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 4396
Türkmenistanyň DIM-de UNFPA-nyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara foruma gatnaşmaga Aşgabada gelen, BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) gender meseleleri boýunça Geňeşçisi Leýla Şarafi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär. 

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna aýal-gyzlaryň deň gatnaşmak ýörelgelerini güýçlendirmeklige gönükdirilen işjeň gender syýasatyny alyp barýandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň 1996-njy ýyldaky BMG-niň aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda halkara Konwensiýasy we onuň 2009-njy ýyldaky Goşmaça Teswirnamasy boýunça borçnamalaryna ygrarlydygy beýan edildi.

UNFPA bilen gender taýdan deňligi, reproduktiw saglygy we beýleki ugurlary ösdürmek, şeýle hem bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek babatynda has ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada pikir alyşmalar boldy.