Ï Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

view-icon 4670

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Onuň Alyjenaby, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gynanç hatyny iberdi.

“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk, sabyrlylyk bersin!” diýip, hormatly Prezidentimiz dileg etdi hem-de merhumyň maşgala agzalaryna, ýakynlaryna, Kuweýt Döwletiniň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.