Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy

view-icon 4091
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Täze ýyl baýramyna taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, söwda hyzmatlarynyň guralyşy bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Şu günler paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde hemmeleriň söýgüli baýramy bolan Täze ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen, giň gerimli taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Onuň çäklerinde ilata edilýän hyzmatlaryň derejesine we hiline möhüm ähmiýet berilýär. Şunda dükanlarda, bazarlarda harytlaryň elýeterli bahalardan üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji dekabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli işleriň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň bazarlarynda dürli harytlaryň bolçulygyny üpjün etmek boýunça hemmetaraplaýyn işler dowam edýär. Hökümetiň mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini we derejesini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýän şu günlerde söwda toplumyna degişli düzümleriň işi döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydyr.

Gahryman Arkadagymyzy täze şäherde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew, Arkadag şäher Alyjylar jemgyýetiniň başlygy H.Muhammedow garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şäherde hereket edýän söwda toplumlarynyň, aýratyn-da, “Gökdere” söwda merkeziniň işi, söwdanyň guralyşy we ilata hödürlenilýän harytlar bilen tanyşdy. Bu ýerde azyk we senagat harytlarynyň köp görnüşi ýerleşdirilip, olar hili hem-de elýeterli bahasy babatda häzirki zaman talaplaryna, halkymyzyň ösen islegine doly laýyk gelýär. Merkeziň giň söwda zallarynda sahawatly türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen dürli gök hem-de miwe önümlerini satyn almak bolýar. Munuň özi Täze ýyl baýramyny ýokary derejede garşylamagyň möhüm şertidir. Bularyň ählisi Watanymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän tagallalaryň oňyn netije berýändigine, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Bu ýerde her bir adam özüne gerek harydyny tapyp bilýär. Ýöriteleşdirilen söwda zolaklarynyň harytlaryň görnüşlerine görä bölünmegi alyjylar üçin amatly şertleri üpjün edýär. Täze merkezde elektron söwda ýola goýuldy, ýagny söwda hyzmatlaryny sanly ulgam arkaly amala aşyrmak bolýar. Şäheriň ýaşaýjylary öýlerinden çykman, gerek harytlary sargyt edip bilýärler. Eltip bermek hyzmatynyň ýola goýulmagy söwdanyň medeniýetini we bu toplumyň ähmiýetini artdyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde durmuşyň ähli ulgamlaryna sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylýandygyny belläp, ilatyň intellektual derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyz bu işlerde innowasion we döredijilik usullaryny netijeli ulanmagyň zerurdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz merkezde işleýän satyjylar bilen söhbetdeş bolup, hödürlenilýän önümleriň hili bilen gyzyklandy. Olar, öz nobatynda, alyjylar hem-de işgärler üçin halkara ölçeglere laýyk gelýän hemme zerur şertleriň döredilendigini bellediler we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler.

Bu ýerde elektron aragatnaşyk arkaly ýola goýlan işler söwdany guramagyň ýokary derejesini üpjün edýär, alyjylaryň islegini doly kanagatlandyrýar. Bellenilişi ýaly, bu usul önüm öndürijiler üçin bolşy ýaly, alyjylar üçin hem örän amatly. Çünki sargyt edilen harytlar, dürli önümler we taýýarlanylan naharlar wagt ýitirmän müşderilere ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň söwda toplumynda ýola goýlan döwrebap hyzmatlaryň hem-de elektron söwda dolanyşygynyň tutuş ýurdumyz üçin nusgalyk bolmalydygyny belläp, bu işleriň Watanymyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän dükanlarda we bazarlarda ýola goýulmagynyň wajypdygyny nygtady hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi ilatyň ösen islegini kanagatlandyrmak meseleleriniň oňyn çözülmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Söwda merkezinde azyk önümleri üçin ýörite zolagyň bolmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň anyk netijesidir. Şol zolakda et, balyk önümleriniň, çörek we çörek önümleriniň, ter gök we miwe önümleriniň, unuň, beýleki däneli ekinleriň gaplanan we gaplanmadyk görnüşleri hödürlenilýär. Arkadag şäherinde gurlup ulanmaga berlen köpugurly söwda merkezleri mähriban topragymyzyň sahawatyny, berekedini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, önümleriň elýeterli bahasynyň ýola goýulmagy we önüm bolçulygynyň üpjün edilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Hut bazarlaryň ýagdaýy halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny görkezýär.

Arkadag şäheriniň söwda merkezinde ilatyň dürli isleglerini kanagatlandyrmak üçin hemme mümkinçilikler döredilipdir. Şunuň bilen birlikde, önümleriň giň görnüşi oba hojalyk we azyk senagatynyň kuwwatlyklarynyň barha artýandygyna, ýurdumyzda azyk bolçulygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa önüm bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygyny bellemek gerek.

Gahryman Arkadagymyz söwda merkeziniň we onuň dolandyryş düzüminiň işgärleri bilen söhbetdeş bolup, olary ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutlady hem-de hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Işgärleriň ählisi Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda söwda merkezine gelip, söwdanyň derejesi bilen tanşandygy, ýokary derejeli hyzmaty guramaga döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Mundan başga-da, olar merkeziň hödürleýän elektron hyzmatlaryndan alyjylaryň hoşallyklarynyň çäginiň ýokdugyny, halkymyza hyzmat etmegiň özleri üçin uly hormatdygyny aýratyn nygtadylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde azyk bolçulygynyň berkidilmeginde hususyýetçilige möhüm ornuň degişlidigini belläp, telekeçileriň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda täze, döwrebap söwda merkezlerinde söwdanyň ýokary medeniýetini üpjün edýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi azyk howpsuzlygynyň berkidilmegi bilen bir hatarda, ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Gahryman Arkadagymyz merkeziň işgärleriniň alyp barýan işlerine minnetdarlygyň nyşany hökmünde olaryň her birine Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli toý sowgatlaryny gowşurdy we mundan beýläk-de netijeli işläp, halkymyzyň alkyşyna mynasyp bolmaklaryny arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işleriň ýagdaýy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ikinji tapgyrda meýilleşdirilen önümçilik toplumlarynyň gurluşyklaryna gatnaşmaklary, bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşdiriljek ýerleri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem häzirki döwürde milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylýan konsepsiýanyň çäklerinde Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler, önümçilik kuwwatlyklarynyň enjamlaşdyrylmagy, täze şäherde bina ediljek desgalaryň döwrebaplygy hakynda giňişleýin maglumat berildi. Gahryman Arkadagymyz ikinji tapgyryň desgalary bina edilende, ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny we bu künjegiň ekologik ýagdaýyny degişli derejede saklamagyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigi barada aýtdy. Meýilleşdirilýän desgalar gurlanda ulanyljak gurluşyk serişdeleri, toplumlaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça kesgitlenen işler, binalaryň bezeg aýratynlyklary barada maglumat berildi. Şunda gurluşyk serişdeleriniň berkligi, uzak möhletleýinligi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär.

Gahryman Arkadagymyz ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede bina edilen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zamanyň talaplaryna we milli binagärlik ýörelgelerine laýyk gelmelidigini nygtady. Şunda milli binagärligiň döwrebap ýörelgeleri, aýratyn-da, gurluşyk ulgamynyň täzeçil usullary işjeň ulanylmalydyr diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Arkadag şäherinde Täze ýyl baýramynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini, baýramçylyk dabaralarynyň, çagalar üçin bolşy ýaly, ulular üçin hem ýatda galyjy, täsirli pursatlara beslenmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylmalydygyny aýtdy we öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary bilen bu günki gün Köpetdagyň eteginde dörän Arkadag şäheri bagtyýar watandaşlarymyz üçin iň amatly ýaşaýyş gurşawyny özünde jemleýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, täze şäheriň ýaşaýjylary hem Täze ýyly baýram etmäge taýýarlyk görýär. Şäher ýaşaýjylary döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanyp, bazarlarda we söwda nokatlarynda dürli harytlary elýeterli bahalardan satyn alýarlar. Söwda ulgamynyň işgärleri sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly adamlara ýokary hilli hyzmatlary hödürleýärler.

Söwda ulgamynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň bu ulgamda döreden şertlerinden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň bazarlaryny hem-de söwda nokatlaryny dürli görnüşli önümler bilen üpjün etmek bilen, halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrýarlar. Öndürilen azyk harytlarynyň köp görnüşlerini elýeterli bahalardan ilata hödürleýärler.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri Arkadag şäheriniň söwda merkezlerinde giňden ornaşdyryldy. Bu ýerde ýaşaýan ildeşlerimiz şeýle amatlyklara eýe bolmak bilen, islendik harydy ýa-da önümi sargyt edip bilýärler we tiz wagtda alyp, nagt däl görnüşde töleg geçirip bilýärler. Şeýle döwrebap mümkinçilikler, halkymyzyň abadan durmuşy Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalarynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalarynyň netijesidir.