Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat

view-icon 4575

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Sizi we türkmen halkyny ajaýyp baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, özygtyýarlylyk, hyzmatdaşlyk gymmatlyklaryna berk ygrarlylygyny görkezmegini dowam etdirýär. Bitaraplyk güni ýurduňyzyň goşulyşmazlyk we dünýä giňişliginde netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan syýasaty amala aşyrmagy maksat edinýändigini aýdyň görkezýär.

Goý, Halkara Bitaraplyk güni Türkmenistany ýagty geljege alyp barýan taglymlaryň dabaralanmagynyň güni bolsun! Türki Döwletleriň Guramasy hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi we türki halklaryň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça umumy maksatlary gazanmagy umyt edýär.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy, şeýle hem doganlyk Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kubanyçbek OMURALIÝEW,
Türki Döwletleriň Guramasynyň
Baş sekretary.