BMG-niň Baş Assambleýasy 78-nji mejlisiň 49-njy umumy mejlisinde biragyzdan Türkmenistanyň başlangyjy bilen iki sany – energetika we ulag boýunça kararnamalary kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Habarda bellenilişine görä, «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly kararnamanyň awtordaşy bolup 38 döwlet çykyş etdi.
Kararnama ykdysady integrasiýany we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin milli, sebit we dünýä derejesinde energiýa birikmesiniň ygtybarlylygyny hem-de durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, esasan-da hemmeler üçin elýeterli, ygtybarly, dowamly we döwrebap energiýa çeşmelerini üpjün etmekde durnukly ösüş pudagynda halkara hyzmatdaşlygy dowam etmäge çagyrýar.
Beýleki «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek» atly kararnamanyň awtordaşlary bolup döwletleriň 47-si çykyş etdi.
Bu kararnama agza döwletleri durnukly ösüş üçin zerur bolan ähli ugurlarda ulag ulgamynyň we transport infrastrukturasynyň dowamly işlemegine we pugtalandyrylmagyna goldaw bermäge çagyrýar.
2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň umumy maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň birnäçe möhüm, şol sanda energetika we ulag ulgamlarynda başlangyçlary öňe sürendigini bellemek gerek.