Ï Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Döwlet çeperçilik akademiýasynda Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň sergisini geçirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Döwlet çeperçilik akademiýasynda Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň sergisini geçirýär

view-icon 7113
Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Döwlet çeperçilik akademiýasynda Magtymguly Pyragynyň kitaplarynyň sergisini geçirýär
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» şygary astynda geçýän şu ýylyň dowamynda Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy kitap okamagyň wagzyna we ýaş nesliň arasynda edebi bilimleri ýokarlandyrmaga gönükdirilen dürli çäreleri geçirýär.

Ýetip gelýän şanly senäniň, ýagny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bu kitaphananyň işgärleri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Magtymguly Pyragy – berkararlyk şygary» atly kitap sergisini guradylar.

Sergide bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň şygyrýet mirasy, terjimehalyna degişli neşirler we başga-da köp işi özünde jemleýän giň gerimli kitap tekjesi hödürlenýär.

Kitaphanamyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde şunuň ýaly sergileri her aýda guraýar – diýip, kitaphanaçy Leýla Annamyradowa gürrüň berýär. – Biz talyp ýaşlara Magtymguly Pyragynyň şygyrýetiniň ruhy we ahlak taýdan ähmiýeti barada gürrüň berýäris we dürli dillerdäki taryhy hem häzirki zaman edebi neşirleri bilen tanyşdyrýarys.

Magtymguly Pyragynyň şygyrýetini göterýän özboluşly kitap tekjesi tutuş hepdäniň dowamynda talyplaryň ygtyýarynda bolar. Bu döwürde talyplar şahyryň terjimehalyny has jikme-jik öwrenip, şeýle hem halan goşgularyny ýazyp alyp bilerler.

Ýaş suratkeşleriň sözlerine görä, bu medeni çäre örän wajypdyr, sebäbi hut häzirki wagtda Çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda döredijilik işlerinde şahyryň keşbini wasp edýän talyplaryň we mugallymlaryň eserleriniň bäsleşik sergisi dowam edýär.

 Ine, kitaphananyň işgärleri bilen geçirilen aň-bilim duşuşygy-da şahyryň keşbiniň suratda, heýkelde we grafikada has şowly görkezilmegi üçin zehininiň täze taraplaryny açmaga ýene bir ylham beriji pursat bolup hyzmat edýär.