Ï Täze ýyla bagyşlanan konsert
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ýyla bagyşlanan konsert

view-icon 6053
Täze ýyla bagyşlanan konsert
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen estradasynyň ýyldyzlarynyň hem-de estrado-simfoniki orkestriň gatnaşmagynda «Mukam» atly Täze ýyl konserti geçirildi. Aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary Türkmenistanyň at gazanan artistleri Leýli Ökdirowanyň we Selbi Annadurdyýewanyň ýerine ýetirmeklerinde «Syrgyn» («Метель» – «Anna Karenina» atly saz eserinden), «Gar bolsa ýagýar» («А снег идет»), «Üç ak at» («Три белых коня») ýaly aýdymlaryň ýaňlanmagy arkaly garly gyşyň keşbini göz öňünde janlandyrdylar.

Tomaşaçylary «ýeňiljek üşedip», konsert maksatnamasyny guraýjylar soňra olara bütin dünýä meşhur aýdym-sazlar bilen mähir paýlap «ýylatdylar». Şol eserleriň hatarynda, «Besame mucho», «Yesterday», «Sherine», «Libertango», «Bella ciao» we beýlekiler ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Rahman Joraýewiň hem-de Türkmenistanyň halk artisti Nury Hojamuhammedowyň dirižýorlaryň ýolbaşçylygynda estrado-simfoniki orkestr belli mukamlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

«Ýalňyzym meniň» diýen aýdymy uly joşgun bilen ýerine ýetiren Begenç Moşşyýewiň çykyşy tomaşaçylaryň aňynda uzak wagtlap saklandy. Aýdymçynyň liriki baritondaky sesiniň uly güýji hem-de ýerine ýetirijilik ussatlygy ähli diňleýjilere, aýratyn-da, mähriban zenanlara çuňňur täsir etdi.

Konsert watançylyk mazmunly «Aşgabat» aýdymy bilen tamamlandy. Ekranda häzirki zaman binagärligi, suw çüwdürimleri, seýilgähleri we söýgüli şäherlerinde ýokary amatlyklarda ýaşaýan aşgabatlylar görkezilýän ak mermerli paýtagtymyzyň nurana keşbi beýan edildi. Aýdymy özüne çekiji äheňde Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew ýerine ýetirdi. 

Täze ýylyň öňýanynda adamlar söýgüli estrada artistleriniň çykyşlaryndan Täze, 2024-nji ýyl üçin güýç-kuwwat aldylar.