Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Iş maslahatynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, bagtyýar ýaşlar ýylynda hem zehinli ýaşlarymyzyň ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýandyklaryny belledi. Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bizi örän guwandyrýar. Ýakynda «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabym çapdan çykdy. Onda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de bu kitabyň ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, 27-nji dekabrda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata we sergä sowgat boljakdygyny nygtady.
Bu kitabyň ilkinji sanyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza sowgat hökmünde iberýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra hasabat bermek üçin Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň hasyly üçin welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri geçirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, bejermek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Şeýle-de Täze ýyl baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek hem-de bu baýramyň bellenilýän günlerinde welaýatyň bazarlaryny we dükanlaryny azyk önümleri bilen doly üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligi gözegçilikde saklanylýar. Şunuň bilen birlikde, baýramçylyk günlerinde edara-kärhanalarda gije-gündiz nobatçylygy guramak boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň gözegçilikde saklanylmagyny häkime tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär, gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin sürüm işleri geçirilýär. Ekişde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary abatlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Şeýle-de häkim Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri, hususan-da, welaýatyň bazarlarynda we dükanlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny döretmek, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny sazlaşykly işletmek, ýaşaýjylary elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmek, baýramçylyk günlerinde edaralarda hem-de kärhanalarda nobatçylygy guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy hem-de ak ekine edilýän ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini bellenen möhletlerde we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şeýle hem Täze ýyly mynasyp garşylamak ugrunda alnyp barylýan işleriň çäklerinde welaýatyň bazarlaryny, dükanlaryny dürli azyk harytlary bilen bolelin üpjün etmek, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, edara-kärhanalarda baýram günlerinde nobatçylygy guramak boýunça degişli çäreler görülýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki günlerde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetini belledi hem-de welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek, hususan-da, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Ekişde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme taýýarlamak üçin zerur işler durmuşa geçirilýär.
Şeýle-de häkim Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek, baýram günlerinde welaýatyň bazarlaryny we dükanlaryny halkyň sarp edýän azyk harytlary bilen doly üpjün etmek, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjün etmek, welaýatyň ähli edara-kärhanalarynda nobatçylygy guramak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de ekin meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň talabalaýyk geçirilmegini häkime tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, 2024-nji ýylda möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak boýunça işler ýerine ýetirilýär.
Welaýatda Täze ýyl baýramyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, baýramçylyk günlerinde bazarlary we söwda nokatlaryny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek, medeni-durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ýaşaýjylaryň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamak, edara-kärhanalarda gije-gündizleýin nobatçylygy guramak boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi, gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary abatlap, möwsüme taýýarlamak, olary talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Oba hojalyk toplumynyň edara-kärhanalarynda işleýän alymlaryň we tejribeli hünärmenleriň gatnaşmaklarynda welaýatlara iş saparlary guralýar. Bu saparlaryň dowamynda etraplarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, bugdaý ösdürip ýetişdirmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilişi, tehnikalaryň taýýarlanylyşy we ulanylyşy, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda degişli işleriň geçirilişine ýerinde gözegçilik edilýär hem-de bu ugurda daýhanlara degişli maslahatlar berilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaça ekiljek ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça geçirilýän işleriň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda Täze ýyl mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, baýramçylyk günlerinde bazarlaryň we dükanlaryň dürli azyk harytlary bilen bolelin üpjün edilmegi babatda welaýatlaryň häkimlerine degişli tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow çagyryldy. Ol, ilki bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gojaman Köpetdagyň eteginde bina bolan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlen Arkadag şäheri häzirki günde müňlerçe adama bagt paýlaýar. Munuň üçin şäheriň ýaşaýjylary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edýärler. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbi tutuldy hem-de häzirki wagtda gurluşyk işleri guramaçylykly dowam edýär.
D.Orazow çykyşynyň dowamynda “Arkadag” futbol toparynyň ýakynda Türkmenistanyň çempiony bolandygy hem-de Türkmenistanyň Kubogyny alandygy baradaky hoş habary aýtdy we bu futbol toparynyň geljekde-de uly ýeňişleri gazanyp, Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrjakdygyna ynandyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy döwlet Baştutanymyzdan “Arkadag” futbol toparynyň topuna ýadygärlik üçin gol çekip bermegini uly hormat bilen haýyş etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň futbol toparynyň Türkmenistanyň Ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň çempiony, final oýnunda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolandygyny belledi we «Arkadag» futbol toparyna mundan beýläk-de ýeňişli ýollary arzuw etdi hem-de topar üçin ýörite niýetlenen topda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.