Ï Ýaş aktýorlar deň-duşlarynyň Täze ýylyny erteki bilen gutladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş aktýorlar deň-duşlarynyň Täze ýylyny erteki bilen gutladylar

view-icon 4288
Ýaş aktýorlar deň-duşlarynyň Täze ýylyny erteki bilen gutladylar
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Aşgabadyň «Tandem» sazly teatr studiýasynyň okuwçylary «Gar şa zenany» atly sazly ertekini tomaşa üçin taýýarlap, deň-duşlaryny döredijilik sowgady bilen begendirdiler.

Wokal mugallymy Irina Belýakinanyň režissýorlygynda goýlan bu teatr oýny çagalardyr ene-atalarynyň ýygnanan ýerinde – türk medeni merkezinde görkezildi.

Ýaş artistler Hans Kristian Anderseniň iň meşhur ertekisiniň ýordumyny uly hyjuw bilen ýerine ýetirdiler. Ýeri gelende aýtsak, awtoryň özi-de sahnada bardy, ýöne diňe miniatýurada. Daniýaly ýazyjynyň keşbinde Aýhan Orazdurdyýew çykyş etdi.

Aýdym-sazly oýun çagalaryň aýdym aýtmagy, tans etmegi we tomaşaçylar bilen gyzgyn gatnaşykda bolmagy üçin döredilendir. Erteki hekaýatynyň täsirine düşüp «janlanan» çagalar aýdyma goşulyşyp, tans edip we gahrymanlara el çarpmak bilen, artistleri goldaýarlar. Ahyrsoňy, Gerda Gar şa zenanynyň galasyndan dogany Kaýy tapanda, ýagşylygyň ýamanlykdan gutarnykly ýeňşi amala aşýar. Täze ýyl gelýär, diýmek sowgat bermegiň tüýs wagty!

– Her Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda ösüş aýratynlygy bolan, üpjünçiligi pes, uly maşgaladan bolan çagalara baýramçylygy sowgat etmek üçin birnäçe çäre geçirýäris – diýip, «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasynyň wekili Rüstem Geldiýew gürrüň berýär. – Şunuň ýaly haýyr-sahawat çärelerini taýýarlamaga we geçirmäge hyzmatdaşlarymyz «Tandem» sazly teatr studiýasy, ýurdumyzyň telekeçileri we dürli jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bize kömek edýärler. Şunuň ýaly döredijilik duşuşyklary çagalara baýram şatlygyny duýmaga, oňyn duýgulara gaplanmaga we özlerini görkezmäge mümkinçilik berýär.

Türk medeniýet merkezine gelenleri Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady. Çäräniň guramaçylary bolan «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy baýramçylyk tomaşasyny geçirmäge ýer berendigi üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.

Oýun tamamlanandan soň, «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasynyň meýletinçileri ähli çagalara ýurdumyzyň iň gowy kärhanalarynyň süýji önümlerinden taýýarlanan sowgatlary berdiler.