Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan “ARKADAG” futbol klubuna awtobusy sowgat berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan “ARKADAG” futbol klubuna awtobusy sowgat berildi

view-icon 7248

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga uly goşant goşýandygyny, Türkmenistanyň ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň çempiony bolup, final oýnunda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolandygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Arkadag şäheriniň häkimliginiň “Arkadag” futbol klubuna “MAN RR3 19.440 EEV” kysymly awtobus sowgat berildi.