Ï Türkmenistanyň Prezidenti we Gahryman Arkadagymyz maşgala agzalary bilen agzybirlikde Täze ýyly garşyladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti we Gahryman Arkadagymyz maşgala agzalary bilen agzybirlikde Täze ýyly garşyladylar

view-icon 5656

Dünýä giňişliginde adamzadyň ýagşy umytlar, nurana arzuwlar bilen söýüp garşylaýan Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bagtyýar maşgalalaryň bereketli ojaklarynda agzybirligiň, bagtyýarlygyň aýdyň nyşanyna öwrülip, şatlyk-şowhun bilen dabaralandyrylýar. Ýakymly pursatlara beslenýän baýramçylyk ynsan kalbyny şatlykdan dolduryp, adamlaryň ruhubelentligini artdyrýar.

Häzirki döwürde beýik akyldar şahyrymyz Мagtymguly Pyragynyň berkarar döwlet, halkymyzyň asuda, agzybir we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary hasyl boldy. Şeýlelikde, tutuş halkymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri, şol sanda Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp derejede dabaralandyrýar. Munuň özi Diýarymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Tutuş halkymyzyň Täze ýyly ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşylaýan wagtynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň maşgala agzalary bilen agzybirlikde Täze ýyly garşylaýan pursatlary hem şatlyk-şowhuna, maşgalanyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalara beslendi.

Watanymyzyň ähli künjeklerinde, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny taryha ugratmak hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny garşylamak mynasybetli bellenilýän baýramçylyk dabaralarynda maşgala bolup, bereketli saçak başyna jemlenip, birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýtmak asyrlar aşyp gelýän asylly däpleriň dowam etdirilmegidir. Türkmen halkynyň döreden dünýä nusgalyk ýagşy dessurlaryny esasy ugur edinýän Gahryman Arkadagymyz, asylly ýörelgä eýerip, maşgala agzalary, agtyklary bilen Täze ýyl baýramçylygyny dabaralandyrdylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagy tamamlanandan soňra, ak mermerli Aşgabadyň nurana asmanyny baýramçylyk feýerwerki gurşap aldy. Älemgoşar öwüşginli şekiller Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyzyň belent ruhunyň aýdyň nyşanyna öwrülip, täze — 2024-nji ýylyň bosagadan ätleýändigini alamatlandyrdy.

Milli Liderimiz maşgala agzalary bilen bilelikde asmany ýagtyldyp, adamlaryň kalbynda ýakymly duýgulary oýarýan, täze ýeňişlere ruhlandyrýan şekilleri synlaýar. Bu görnüşler gadymy toprakda berkarar bolan döwletimiziň mizemez binýadyny, halkymyzyň agzybirligini we bagtyýar durmuşyny äleme äşgär edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz maşgala bolup, agzybirlikde bellenilýän baýrama goşulýar. Hemmeler bilelikde ýurdumyzda bellenilýän baýramlaryň dabarasyny, onuň tutumly dessurlara baýdygyny görkezýän görnüşleri synlaýarlar. Ýatda galyjy pursatlara beslenýän köpöwüşginli şekiller dabara gatnaşýan adamlaryň şatlyk-şowhuny, çagalaryň gülki sesleri bilen utgaşýar.

Maşgala bolup bellenilýän baýramçylygyň dowamynda eziz Arkadagymyzyň agtyklary öz şatlygyny täze döredijilik sowgatlarynyň üsti bilen beýan edip, ene-atalaryny begendirdiler. Bagtyýar nesilleriň çeper döredijilik bilen meşgullanmagynda, olaryň çeken suratlarynda mähriban Watanymyzyň gözellikleriniň, sahawatly türkmen topragynyň aýratynlyklarynyň, gözel tebigatymyzyň şekillendirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi Milli Liderimiziň nesil terbiýesinde watansöýüjilige, zähmetsöýerlige, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmagyna aýratyn üns berýändiginiň aýdyň beýanydyr. Munuň her bir türkmen maşgalasyna mahsus ýörelgä öwrülendigini bellemek ýakymly. Ýurdumyzyň bagtyýar maşgalalary eşretli durmuşyň hözirini görüp, şatlyk bilen garşylanýan Täze ýylyň her bir ojaga rysgal, döwlet, agzybirlik, parahatçylyk getirmegini arzuw edýärler.

Agzybirligiň beýik nusgasyny görkezýän bagtyýar maşgalanyň Täze ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylamagy, nesilleriň çeper döredijilige meşgul bolmagy ene-atanyň buýsanjyny artdyryp, olaryň nesillerine bolan söýgüsini has-da belende göterýär. Perzentleriniň üstünligine guwanmak ene-atanyň arzuwynyň hasyl bolmagy hökmünde kabul edilýär.

Soňra maşgala baýramçylygy dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň agtyklary baýramçylygyň şatlygyny belende göterýärler. Ilki bilen, Aýjeren atasyndan saz çalyp, goşgy okamaga rugsat bermegini soraýar. Ol atasyndan razylyk alandan soňra, saz guralynyň başyna geçip, täze öwrenen sazyny çalýar we ajaýyp goşgy setirleri bilen hemmeleri gutlaýar. Onuň türkmen, rus, iňlis dillerinde Täze ýyl gutlagyny aýtmagy ene-atanyň agtygyna bolan buýsanjyny artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň Mähriban atly agtyjagy bolsa babasyna Täze ýyl mynasybetli daşary ýurt sazlarynyň birini çalyp bermekçidigini aýdýar. Her bir maşgala, öý-ojaklara agzybirlik, bagtyýarlyk dileg edilýän baýramda agtyklaryň zehinine, yhlasyna guwanmak pederler üçin iň esasy mukaddeslikleriň biridir. Şeýle pursatlar hormatly Arkadagymyzyň ruhuny belende göterip, baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar maşgalasynyň Täze ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylan pursatlary tutuş ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň, ähli adamlaryň Täze ýyl baýramyna mynasyp sowgada öwrülendigini bellemek ýakymly. Munuň özi hemmeler üçin ähmiýetli bolan nurana baýramçylygyň ýatda galyjy pursatlara beslenýändigini görkezýär.