Ï Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan bäsleşik geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan bäsleşik geçirilýär

view-icon 7242
Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan bäsleşik geçirilýär

Ýurdumyzyň «Türkmen gündogary» welaýat gazeti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň welaýat birleşigi, Demokratik partiýanyň welaýat komiteti we Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşik Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna we Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabat gelýär. 

Onuň maksady Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ýaş nesliň arasynda wagyz etmek we ýaşlara watançylyk ruhunda terbiýe bermek bolup durýar. Bäsleşige gatnaşmak üçin şahyryň döredijiligi hakda gürrüň berýän makalalary, hekaýalary, goşgulary ibermeli.

Eserler 2024-nji ýylyň 25-nji dekabryna çenli şu salga iberilmeli: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42 «Türkmen gündogary» welaýat gazetiniň redaksiýasy ýa-da turkmengundogary-gazeti@sanly.tm elektron poçta bilen iberilmeli.

Bäsleşigiň netijeleri Täze ýyldan öň yglan ediler. Guramaçylar iň oňat eserleri «Türkmen gündogary» welaýat gazetinde çap ederler.