Ï Duşanbe şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Duşanbe şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

view-icon 12423
Duşanbe şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli «tegelek stol» maslahaty geçirildi.

Bu çärä «Täjigistan-Türkmenistan» dostluk jemgyýetiniň wekilleri, Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenler we talyplar gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda, onuň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny, kitabyň diňe ösüp gelýän ýaşlar üçin ýankitaba öwrülmän, eýsem ähli türkmen raýatlary üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolandygy barada nygtaldy.

Duşuşykda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, ýylyň dowamynda milli hem-de halkara derejesinde akyldar şahyra bagyşlanan çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti barada pikir-alyşmalar geçirildi.

Çärä gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýetini belläp, onuň tutuş dünýä medeni-mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini nygtadylar.