Ýaňy ýakynda iň uly surat jemgyýeti PST, CAPA we PSTw Halkara surat sungaty birleşiginiň (FIAP), Bütindünýä fotobirleşiginiň (GPU) we Amerikan fotografiýa jemgyýeti PSA-nyň howandarlygynda geçirilen nobatdaky halkara bäsleşigiň netijelerini jemledi.
![]() |
![]() |
Türkmenistanlylar üçin gowy habarlaryň biri bu bäsleşigiň abraýly emin agzalarynyň netijelerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) fotohabarçysy, halkara ýaryşlaryň we sergileriň ýeňijisi Wýaçeslaw Sarkisýana kümüş baýragyň gowşurylmagy boldy.
![]() |
![]() |
Bu suratçynyň meşhur eserlerine – milli türkmen egin-eşiklerine, şaý-seplerine, halylaryna, at esbaplaryna we beýlekilere berlen ilkinji baýrak däldir. Fotosurat eseriniň dört ýarym müň töweregini emin agzalaryna iberen 300-den gowrak suratçynyň işlerinden saýlanyp, şeýle baýraga eýe bolmagy watandaşymyz üçin aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Ondan öň Sarkisýanyň eserleri Russiýadan, Marokkodan, Hytaýdan, ABŞ-dan we Çehiýadan ýörite baýraklar bilen sylaglanypdy. Bu gezek ýaryşyň kümüş medalyndan başga-da W.Sarkisýan ýörite FIAP baýragyna – guramanyň gerbi we ýazgysy bolan hormatly lenta bilen sylaglandy.



