2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazowyň Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri, şol sanda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle hem şertnama-hukuk resminamalarynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilçi M.Aýazow 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçjekdigi şeýle hem, Ilçihana tarapyndan türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-medeni çäreleriň birnäçesiniň geçirilmeginiň meýilleşdirýändigi barada habar berdi.
Şeýle hem duşuşykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseläniň üsütünde durulup geçildi.