Ï Türkmenistanyň Ilçisiniň Kataryň içeri işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ilçisiniň Kataryň içeri işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşygy

view-icon 4379
Türkmenistanyň Ilçisiniň Kataryň içeri işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Içeri işleri boýunça Döwlet ministri Şeýh Abdulaziz bin Faisal bin Mohammed Al Tani bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taraplar konsullyk meselelerine degip geçdiler we migrasiýa ugry boýunça aragatnaşyk gurmagyň mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň maksadalaýyklygy bellenildi.