Şu günler Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan köp sanly medeni çäreler, maslahatlar, ýörite okuwlar, sergiler we konsertler geçirilýär.
Arkadag şäheriniň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen edebiýatynyň nusgawy filosof şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşyklary we sergiler guraldy. Golaýda M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň wekilleri bu ýerde boldular.

Sungat we medeniýet işgärleri Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň gaznasyna goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandy barada pikir alyşdylar, onuň şygryýetiniň çuňňur mazmuny barada söhbet etdiler, şeýle hem watançylyk we ynsanperwerlik baradaky goşgulary okadylar. Duşuşyk D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň aýdymçylarynyň we halk saz gurallary orkestriniň çykyşy bilen jemlendi.
Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Medeniýet toplumynda söhbet we aýdym-saz görnüşinde tegelek stol geçirildi. Golaýda M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewanyň ýolbaşçylygyndaky bagşy gyzlar topary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna halk aýdymlaryny we kompozisiýalary ýerine ýetirdiler. Gyzykly söhbetdeşlik we aýdym-saz çykyşlary ýakyn wagtda «Arkadag» teleýaýlymynda görkeziler.

Golaýda M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýurdumyzyň tanymal bagşylary beýik Magtymguly Pyragynyň goşgularyny dutar-gyjakda ýerine ýetirdiler. Konserwatoriýanyň talyby, «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijisi Merdan Baýramgeldiýew «Gözel sen», «Dert bol», «Aýrylma» halk aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň halk artisti, ussat sazanda Ýagmyr Nurgeldiýewiň ajaýyp şahyra bagyşlanan «Pyragy» sazy ýaňlandy.
Ýylyň şygaryna we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan köp sanly çäreler ýurdumyzyň welaýatlarynyň kitaphanalarynda, muzeýlerinde, ýokary we orta okuw mekdeplerinde hem geçirilýär. Medeni-magaryf çäreleri türkmen milli edebiýatynyň aýrylmaz bölegi bolan Magtymguly Pyragynyň baý mirasyny öwrenmäge we giňden ýaýmaga gönükdirilendir.